Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan döwletimiz ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işler barha giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýaşlar syýasaty hem giňden dabaralanýar.
Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özi ýurdumyzda ýaşlara bolan ynamdan söz açýar. Ýaşlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri bolsa dörediji ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr, nusgalyk görelde mekdebidir.
Hormatly Prezidentimiziň «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen sözleri türkmen ýaşlarynyň döwrebap derejede bilimlerini özleşdirip, ata Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşmagy ugrunda güýç-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmelidiginiň beýanydyr.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy üçin diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy döwletlerinde hem giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal hökmünde, türkmen ýaşlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim alýandygyny görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyz hem türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda döredilen Arkadag şäheriniň edara-kärhanalaryna bellenilen ýolbaşçylaryň hem ýaşlardan saýlanyp alynmagy, ýurduň geljeginiň ýaşlara ynanylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Biz – bagtyýar ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ynamyna eýerip, gözümiziň göreji, başymyzyň täji bolan ajaýyp ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hem-de Watanymyzyň syýasy, ykdysady we ruhy-medeni kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin hemişe ynamly zähmet çekeris.
Güljemal Orazgeldiýewa,
Tejen etrabynyň M.Kösäýew adyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy.