Ýew­ro­pa elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny eks­port eder

77

Al­ži­riň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Mu­ham­med Ar­kab Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na gaz eks­port et­mek üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Ýur­duň gün­do­ga­ryn­da­ky Al-Be­ýaz we­la­ýa­tyn­da te­bi­gy gaz bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ke­di açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Mi­nistr bu ýer­de eden çy­ky­şyn­da Al­ži­riň elekt­rik önüm­çi­li­gin­de Or­ta ýer deň­zi­niň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ra çy­kan­dy­gy­ny bel­le­di. Ar­kab ýa­kyn gel­jek­de ýurt­da Gün ener­gi­ýa be­ket­le­ri ar­ka­ly önüm­çi­li­giň art­dy­ryl­jak­dy­gy­ny we bu aras­sa ener­gi­ýa­nyň Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ibe­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu tas­la­ma­nyň Ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi bel­le­nil­di.
Şeý­le hem Al­ži­riň Or­ta­ýer deň­zin­de te­bi­gy gaz göz­leg­le­ri­niň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, mi­nistr Ni­ge­ri­ýa te­bi­gy ga­zy­nyň Ýew­ro­pa ak­dy­ryl­ma­gy üçin Ni­ge­ri­ýa-Ni­ger-Al­žir te­bi­gy gaz ge­çi­ri­ji­si tas­la­ma­sy­nyň ta­mam­lan­ma­gy üçin uly öňe­gi­diş­lik ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Umu­my uzyn­ly­gy 4 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar bol­jak bu ge­çi­ri­ji­niň 1 müň 800 ki­lo­met­ri­niň ga­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di.

Araz­my­rat PÄ­WI­ÝEW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.