Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” bu tapgyrda-da golsuz deňme-deň oýnady. Öz meýdançasynda “Žirona” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Barselona” myhmançylykda-da “Hetafeniň” derwezesinden gol geçirip bilmedi. Kubok ýaryşynda “Real Madridden” hem 4-0 utulan “Barselona” toparyna bassyr 3-nji duşuşygynda gol geçirtmek başartmady. Katalonlar soňky gezek 2008-nji ýylda yzly-yzyna 3 oýunda gol geçirip bilmändi. “La Ligada” bolsa 30 ýyldan soň bassyr 2 duşuşygy golsuz tamamlandy.

Myhmançylykda “Kadiz” toparyny Naço we Asensionyň gollary bilen 2-0 ýeňen “Real Madrid” lider “Barselona” bilen arasyndaky utuk aratapawudyny 11-e düşürdi. “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Almeriýany” Grizmannyň gollary bilen 2-1 hasabynda utdy.