Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda geçirilen ses berlişikde Kosowanyň raýatlarynyň 180 günüň dowamynda 90 güne çenli agza ýurtlarda wizasyz bolmaklaryna mümkinçilik döredildi. Bileleşige agza ýurtlaryň raýatlary hem edil şonuň ýaly, 180 günüň 90 gününi hiç hili wiza almazdan Kosowada geçirip bilerler.
Şeýlelikde, Günbatar Balkan sebitiniň ähli ýeri Ýewropa Bileleşiginiň wizasyz syýahata mümkinçilik berýän Şengen bilen wiza talap edilmeýän çägine girdi. Bu baradaky karar metbugatda çap edilenden soňra güýje girer.
Geljek ýylyň 1-nji ýanwarynda kosowalylaryň bu ýeňillikden peýdalanyp başlamagyna garaşylýar.
Kosowa beýleki Günbatar Balkan ýurtlary bilen bilelikde 2003-nji ýylda Gresiýanyň Saloniki şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Liderler sammitinde “potensiýal agza” yglan edilipdi.
Ýurt geçen ýylyň dekabrynda Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin resmi ýagdaýda ýüz tutdy.