Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda Oraza baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Halkymyzyň haýyr-sahawatlylygyny, ynsanperwerligini has-da aýdyňlaşdyrýan mübärek aýlaryň biri hem Oraza aýydyr. Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, päkligi ebedi ýol-ýörelge edinen türkmen halky beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýýar.
Oraza aýy halkymyzda sahawatyň we kanagatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy hökmünde derejelenýär. Aýlaryň serweri bolan mukaddes Oraza aýynda agyz bekläp, kalbyňy, ruhuňy tämizlemek Beýik Allanyň öz eziz gören adamlaryna sahawaty, haýyr-sogaby bagyş etmeginiň alamatydyr.
Oraza aýynda agzaçar sadakalary berilýär, öý-ojaklaryň abadançylygy, eziz Watanymyzyň parahatçylygy, il-günümiziň bagtyýarlygy, jebisligi dileg edilip, tarawa namazy okalýar we ýagşy dileg-dogalar edilýär.
Oraza ýagşylyklaryň aýydyr. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli «Iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda» Permana hem gol çekdi. Şol resminama esasynda, iş kesilen raýatlaryň 463-si jeza çekmekden boşadyldy. Munuň özi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk ýörelgelerine eýerilýändiginiň, jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Oraza baýramy ruhy-ahlak tämizligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýan, mähriban halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemleýän gadymy baýramlaryň biridir». Oraza baýramy pederlerimiziň gadymdan bäri belläp gelýän mukaddes baýramydyr. Remezan aýynyň ahyrynda Oraza baýramynyň bellenilmegi we metjitlerde baýram namazynyň okalmagy il agzybirliginiň nyşanydyr.
Oraza baýramy musulmanlaryň bir aýyň dowamynda agyz bekleýän Oraza aýynyň tamamlanandygyny aňladýar. Oraza aýynyň tapawutly taraplarynyň biri – ýaşuly hem ýaş nesliň arasyndaky özara jebisligiň pugtalanmagydyr, milli terbiýäniň ýaýylmagydyr. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlaryň arasynda päk göwünli bolmagy, birek-birege goldaw-hemaýat bermegi, mukaddes Watana, maşgalaňa, ata-eneňe, il-günüňe hormat goýmagy, asylly maksatlara uýmagy öwüt-ündew edýärler.
Jemgyýetiň jebisligini öňküden-de pugtalandyrýan bu mukaddes aýyň ýaraşygy hasaplanýan Gadyr gijesiniň hem-de Oraza baýramynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde sogaply işleriň, ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň çäksizdigini, ýagşylyga ýugrulan ajaýyplyklaryň giňden berkarar edilýändigini açyp görkezýär.
Gülnar WOLMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.