26-njy aprelde paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi.
Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Ahalteke bedewleriniň Watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi hem şu maksatlara gönükdirilendir.
Assosiasiýanyň nobatdaky mejlisi Halkara ahalteke atçylyk we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, behişdi bedewlere bagyşlanan fotosuratlar görkezildi. Ähli döwürlerde bedewler halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy, onuň ylham çeşmesi bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Ahalteke bedewlerine bolan söýgi türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýär. Bularyň hemmesi baýramçylyk sergisindäki ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapdy.
Mejlisiň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda assosiasiýa täze agzalary kabul etmek, dünýäde ahalteke atçylygyny ösdürmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda behişdi bedewleriň şanyna baýramçylyk giňden we dabaraly bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda ýola goýlan asylly däbe görä, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirilýär.
Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagynyň, öwrenilmeginiň we dünýäde giňden wagyz edilmeginiň Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, munuň bolsa behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň we abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň agzalarynyň we ady rowaýata öwrülen bedewleriň muşdaklarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy bellenildi.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledonyň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi.
Türkmen halkynyň döreden ahalteke tohumynyň dünýä atşynaslygynyň naýbaşysy bolup durýandygy nygtaldy. Ýewropaly atşynaslar behişdi bedewleriň gözellik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýärler. Seçgiçilik we ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak meselelerine, Ýewropa ýurtlarynda ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň sanynyň artmagyna ýardam berýän degişli işleriň geçirilmegine uly üns berilýär. Hanym Blanka de Toledonyň belleýşi ýaly, 2017-nji ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy bu ugurda alyp barýan işinde jogapkärçiligini artdyrýar. Sözüniň ahyrynda Ispaniýanyň wekili döwlet Baştutanymyza we Türkmenistana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra sanly ulgam arkaly assosiasiýanyň daşary ýurtly agzasy, «Ahalteke inform» (Russiýa Federasiýasy) žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Kuznesowa çykyş etdi.
Ol Moskwanyň Timirýazew adyndaky Oba hojalyk akademiýasynyň atçylyk muzeýiniň işgäri bolmak bilen, talyplara we mekdep okuwçylaryna rus suratkeşleriniň çeken behişdi bedewleriniň suratlaryny aýratyn duýgular bilen görkezýändigini, atlaryň beden gurluşynyň gözelligi, hüý-häsiýetleri, sportda gazanan üstünlikleri, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy orny barada gürrüň berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol «Ahalteke inform» žurnalynyň baş redaktory wezipesinde 20 ýylyň dowamynda bu täsin tohumy işjeň wagyz edip gelýär. RF-niň wekili 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagynyň özünde uly buýsanç döredýändigini nygtady.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna – ýurdumyzyň atşynaslaryna we daşary ýurtly raýatlara Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlary okaldy. Soňra assosiasiýanyň bu hormatly ada mynasyp bolan daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.
Gazagystan Respublikasynyň «Ahal-Teke» atly ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Ýakow Dik öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýadawsyz aladalary netijesinde behişdi bedewleriň diňe bir myhmansöýer türkmen topragynda däl, eýsem, olaryň ösdürilip ýetişdirilýän beýleki ýurtlarynda hem dürli dabaralara gatnaşýandyklaryny nygtady.
Gazagystanyň wekiliniň belleýşi ýaly, beýleki kärdeşleri bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy onuň durmuşyndaky aýratyn pursatlaryň biri boldy we uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Soňra kanadaly hususy atşynas Kerri Jo Stewartyň çykyşy diňlenildi. Ol özüne «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylandygy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, munuň ýatdan çykmajak waka bolandygyny belledi.
Hanym Kerri Jo Stewartyň belleýşi ýaly, ol häzirki wagtda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we sungat eserleri hem-de fotosuratlar arkaly olary wagyz etmek bilen meşgullanýar. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler barada gürrüň berýän birnäçe kitaplar neşir edildi. Kanadanyň wekili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek, onuň özboluşly däplerini gorap saklamak, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmenistanlylary bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Öz gezeginde, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan türkmen atşynaslary hem tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň täze daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.
«Manas» gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory, doktor Alpaslan Jeýlan (Türkiýe Respublikasy) öz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habary uly buýsanç bilen kabul edendigini nygtady.
Alpaslan Jeýlan Türkiýäniň milli at üstündäki oýunlar federasiýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere ençeme gezek gatnaşandygyny aýtdy. Häzirki wagtda ol ýokarda ady agzalan uniwersitetiň rektory bolmak bilen, bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan dürli ýurtlardan gelen talyplar bilen bilelikde, türki halklaryň milli at üstündäki oýunlarynyň dünýä ylmynda we edebiýatynda mynasyp orun almagy üçin, bu oýunlara mahsus däpleri gorap saklamak we öwrenmek boýunça iş alyp barýar.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary Ýue Gaofengiň çykyşy diňlenildi. Ýue Gaofeng Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýandygyny belläp, hytaýly atşynaslaryň ahalteke bedewleriniň tohumyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtady. Eýýäm köp ýyllaryň dowamynda Hytaýda degişli düşündiriş-wagyz işleri alnyp barylýar.
Mejlisiň jemleri jemlenende, ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna deglip geçilendigi, munuň bolsa netijeli hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu bolsa pudakda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn mümkinçilikleri şertlendirýär, täze teklipleri, pikirleri işläp taýýarlamak üçin itergi berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtly atşynaslaryň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.