HHR-niň Ilçisi Döwlet kitaphanasyna kitap sowgat berdi

8

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin, Birinji Sekretary He Çziweý Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna aýlanyp gördiler hem-de “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan sowgat berlen kitaplaryň we dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen geljekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, kitaphananyň hazynasynyň üstüni hytaý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna 3 dilde neşir edilen, 49 at ýazgy bilen 200 kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.

Çeşme: medeniyet.gov.tm