Meşhur aktýor hem-de režissýor Klint Istwud kameranyň arka tarapyna soňky gezek geçjekdigini habar berdi. 92 ýaşyndaky režissýor “Juror #2” atly film bilen režissýorlyk karýerasyna soňky nokady goýjakdygyny aýtdy. Weteran režissýor soňky gezek 2021-nji ýylda “Cry Macho” filmini surata düşüripdi. “Bagyşlanmadyk” (Unforgiven), “Gran Torino” (Gran Torino), “Syrly derýa” (Mystic River), “Million dollarlyk bäbek” (Million Dollar Baby) ýaly ýatdan çykmajak kinolary ekranlaşdyran Istwudyň soňky kinosynda Nikolas Hult bilen Toni Kolletteniň baş keşplerde surata düşmegine garaşylýar. 1930-njy ýylyň 31-nji maýynda dünýä inen Istwud 1960-njy ýyllarda surata düşen Serjio Leoneniň western görnüşli “Dollar üçlügi” filmlerindäki keşpleri bilen bütin dünýäde uly meşhurlyk gazanypdy. Ýagny ol sazlary bilenem köpleri özüne bendi eden “Bir gysym dollar” (A Fistful of Dollars, 1964), “Az owlak dollar üçin” (For a Few Dollars More, 1965) hem-de “Gowy, erbet, ýaramaz” (The Good, the Bad and the Ugly, 1966) atly filmlerde surata düşüpdi.