27-nji aprelde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýaýbaňlandyryldy.
Diýarymyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine guralýan at çapyşyklary baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Şu ýyl baýramçylyk çapyşyklary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilýär. Ahalteke bedewleriniň kuwwatyny, ýyndamlygyny we çydamlylygyny ýene bir gezek görkezýän at çapyşyklary düýpli döwrebaplaşdyryş işleri geçirilenden soňra, täze görnüşe eýe bolan Daşoguz atçylyk sport toplumynda guraldy.
Daşoguz welaýatynda bina edilen atçylyk sport toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 50 gektardan gowrak bolup, onda 3 müň orunlyk tomaşaçy münberiniň gurlandygyny bellemek gerek. Toplum dürli maksatly desgalaryň 38-sini özünde jemleýän şäherçe bolup durýar. Onda atçylyk sport ýaryşlaryny, türkmen çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän çapyşyklary guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Şeýle hem toplumyň çäginde her biri 50 bedewe niýetlenen athanalaryň 4-si, manež, türgenleşik meýdançasy, bedewler üçin niýetlenen suw howzy, zerur bolan weterinar kömegini bermek üçin karantin bölümi bar.
Bu ýerde hyzmat edýän işgärler we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Onsoňam toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen 500 orunlyk toý mekanynyň, awtoduralganyň, çagalar üçin sport meýdançasynyň bardygyny bellemeli. Türkmen ak öýleriniň görnüşinde döredilen ak mermerli pawilýonlaryň 6-sy dürli baýramçylyklary, maslahatlary geçirmäge, sergileri guramaga niýetlenildi. Şeýle hem bu ýerde 800 orunlyk tomaşaça niýetlenen tomusky konsert meýdançasy we maslahatlar zaly bar.
Çapuw ýodasy dolulygyna täzelendi. Ol iki görnüşli çagyllaryň birnäçe gat düşelmegi arkaly berkidildi. Onuň ýokarsyndan ýokary tehnologiýaly geotekstil düşeldi. Ahal welaýatynyň çäginden getirilen kwars çägesi çapyşyk ýolunyň soňky örtügi boldy. Şunuň ýaly serişdeleriň sazlaşykly düşelmegi bedewleriň toýnaklaryna we olaryň bogunlaryna düşýän agramy peseldýär. Şeýle hem çapyşyk ýoluna düşelen serişdeleriň dykyzlygy, berkligi ýoluň uzak möhletleýin esasda ulanylmagyny şertlendirýär. Howanyň çygly wagtynda bedewleriň toýnaklarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berýän bu serişdeleriň ekologik taýdan arassadygyny, atlar we çapyksuwarlar üçin hiç hili zyýanly täsiriniň ýokdugyny bellemeli. Geçirilen işleriň barşynda atçylyk sport toplumynyň esasy derwezesi we germewleri döwrebaplaşdyryldy, tomaşaçylar münberleriniň oturgyçlary çalşyldy.
Daşoguz atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus bolan giň gerimli hem-de bezegli häsiýete eýe boldy. Baýramçylyga gelen köp sanly myhmanlar welaýatyň belli estrada artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, tans we folklor toparlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary bilen garşylanyldy. Bu ýerde geçirilen at çapyşyklarynda ajaýyp bedewler özleriniň ýyndamlygyny görkezdiler. Bu gezekki at çapyşyklary ussat atşynaslary we seýisleri, sportuň bu milli görnüşiniň köp sanly janköýerlerini özünde jemledi.
Nobatdaky möwsümiň açylýandygyny alamatlandyrýan çapyşyklaryň maksatnamasy boýunça 8 çapyşyk geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýetginjek we halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda gyzykly bäsleşikler guraldy. Birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ýetginjek çapyksuwarlar üçýaşar bedewlerde 1 müň metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geçen çapyşykda ýetginjek çapyksuwar B.Çäşemow Aýjahan atly bedewde birinji gelmegi başardy.
Soňky alty çapyşygyň hemmesiniň menzili 1 müň 800 metr boldy. Bu çapyşyklarda dört we ulyýaşar bedewler bäsleşdiler. Oňa ýurdumyzyň her welaýatyna hem-de Aşgabat şäherine degişli bolan bedewler gatnaşdyryldy. Ahal welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen at çapyşygynda Köpetdag atly bedewi bilen çapyksuwar Y.Saparow, Balkan welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Şöhratly atly bedewi bilen çapyksuwar B.Agamyradow, Daşoguz welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Dorhan atly bedewi bilen çapyksuwar G.Begliýew, Lebap welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Guwanjym atly bedewi bilen T.Taýlyýew, Mary welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Dorbegler atly bedewi bilen çapyksuwar S.Söýenjow, Aşgabat şäheriniň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Gerçek atly bedewi bilen çapyksuwar N.Azadow ýeňiji bolmagy başardy.
Jemleýji çapyşyga ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Bije esasynda bu gezekki ýaryşa gatnaşjak bedewler seçilip alyndy. 1 müň metr aralyk boýunça guralan çapyşykda Mary welaýatyndan çapyksuwar B.Rozyýewiň çapan Edepli atly bedewi birinji gelmegi başardy.
At çapyşyklarynda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda degişli baýraklar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baş baýraga — Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy bolan “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagyna jemleýji bäsleşigiň ýeňijisi, halypa çapyksuwar B.Rozyýew mynasyp boldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralar dowam edýär.