Italiýanyň çempionatynda “Inter” tapgyrma-tapgyr çempionlyga barýar. Öz meýdançasynda “Kaliarini” Markus Turamyň (52), Nikola Barellanyň (56) hem-de Piotr Zielinskiniň (90+2) 2-nji ýarymda geçiren gollary bilen 3-0 hasabynda üstün çykan “Inter” utugyny 78-e ýetirdi. 1 oýny artyk “Inter” 2-nji ýerdäki “Napoliden” 12 utuk öňde barýar.
Şeýle-de, ilkinji dörtlüge düşmek üçin göreşýän “Komo” topary myhmançylykda “Sassuolodan” 2-1 (Wolpato 42, Nzola 44 – Paz 45+2) hasabynda asgyn gelip, bassyr 2-nji duşuşygynda utuldy. Duşuşykdaky 3 gol hem 1-nji ýarymyň ahyrynda 5 minutyň dowamynda derwezä girizildi.
“Serie A”-da şu gün “Napoli” öz meýdançasynda “Lasiony” (21:00), “Roma” Rimde “Atalantany” (23:45) kabul eder.
Ertirki oýunlarda 3-nji ýerdäki “Milan” topary “Weronanyň” myhmany bolar (18:00). “Ýuwentus” bolsa öz meýdançasynda “Bolonýa” bilen duşuşar (23:45).
PDF









