Angliýanyň meşhur klublaryndan Frank Lampardyň tälimçiligindäki “Kowentri Siti” topary 25 ýyldan soň “Premier Liga” dolandy. Ýurduň 2-nji ligasy “EFL Championship”-de “Kowentri Siti” topary 42-nji tapgyrda myhmançylykda “Bläkbörn” topary bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, utugyny 86-a ýetiren “Kowentri Siti” topary 2-nji ýerdäki “Ipswiç Tawndan” 11, 3-nji orundaky “Milwoll” toparyndanam 13 utuk öňe saýlandy. Mälim bolşy ýaly, “EFL Championship”-de öňdäki 2 orny eýelän toparlar “Premier Liga” çykyp, 3-4-5-6-njy ýerlerdäki klublar pleý-off tapgyryna gatnaşýar.

“Kowentri Siti” topary soňky gezek 2000/01 möwsüminde “Premier Ligada” çykyş edipdi. Topar 1967/68 möwsüminden başlap, 2000/01 möwsümine çenli 33 möwsüm yzygiderli ýagdaýda Angliýanyň iň ýokary ligasynda oýnapdy. Şondan bäri-de 2-3-nji, hatda 4-nji ligada gidip gelen “Kowentri Sitiniň” 25 ýyllyk arakesmesi tamamlandy. 2012/13 – 2019/20 möwsümleriniň arasynda 3-4-nji ligalarda oýnan (2017/18 möwsümi 4-nji ligada) “Kowentri Siti” toparyna 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri Frank Lamparda tälim berip gelýär.