Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyndaky taryhy çykyşynda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň baý, gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek barada aýtmagy bolsa, bu hakykatyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.
Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, tämiz duýgularynyň waspçysy saýylýan Magtymguly Pyragynyň mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri watansöýüjilige ýugrulandyr. Şoňa görä-de, bu gün dana şahyryň mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak babatynda edilýän tagallalar her birimizi begendirýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär. Hakykatdan hem üstünden ençeme wagt geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň beýan eden beýik taglymlary, onuň Watanyna bolan çäksiz buýsanjy tutuş adamzada ýakyndyr we düşnüklidir. Çünki beýik zehin üçin serhet ýokdur, ol döwre we aradaşlyga garamazdan, ynsan kalbyna täsir etmäge ukyplydyr. Beýik şahyry tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem onuň türkmen sähralaryndan we daglaryndan hem-de düzlüklerinden, hoşgylaw adamlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden, mert, gaýduwsyz ýigitlerinden ylham alan we durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardygydyr. Şahyryň döredijiliginde ahlak gözellikleri, durmuş pelsepesi bilen bir hatarda, watansöýüjiligiň özenini emele getirýän merdi-merdanalyk, gahrymançylyk beýan edilýär. Başgaça aýdanymyzda, akyldar şahyryň hut özi hem dowamly il-halkynyň aladasy bilen ýaşan mert şahsyýetdir.
Magtymguly Pyragy diňe bir öz ýaşan döwrüni däl, eýsem, uzak geljegi nazarlap, şygyr döreden beýik şahsyýetdir. Onuň mertlik taglymaty bu günki günde hem her bir Watan goragçysynyň aňynda hemişelik ornaşan täsirli ylham çeşmesidir. Pyragynyň eserlerinde harby terbiýe bedew ata bolan söýgüde, ýarag-esbabyň üpjünliginde, mert ýigitleriň jomartlygynda hem-de maşgala mukaddesliginde, wepalylykda beýan edilýär.
Ýadyňyzda bolsa, 2014-nji ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylypdy we şol ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenip geçilipdi. Geçirilen dabaralar, maslahatlardyr köp sanly çäreler, şeýle-de türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň köp dillere terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde beýik söz ussadyna we onuň mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Akyldar şahyryň dogduk mekanynda şahyryň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylmagy bolsa halkymyzyň öz şahyryna goýýan hormatyndan nyşandyr.
Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini öz içine alýan medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy, beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesini ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak ugrunda tagalla edilmegi aýratyn begendirýän ýagdaýlardyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bimöçber sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ulus-ilimiziň hoşallygy çäksizdir.
Jemal REJEPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.