Türk­me­nis­tan – be­hiş­di be­dew­le­riň ýur­dy

167

Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke bedewlerimizdir.

Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň «At­da we­pa-da bar, sa­pa-da» at­ly ki­ta­byn­da ne­sil ter­bi­ýe­sin­de ga­nat­ly be­dew­le­ri­mi­ziň hem ýa­kyn ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy bo­lan aja­ýyp be­dew­le­ri­mi­zi oňat se­ýis­läp, kö­pel­dip we aras­sa gan­ly­ly­gy­ny sak­lap, ne­sil­le­ri­mi­ze gal­dy­ryp­dyr. Şo­nuň üçi­nem Türk­me­nis­tan be­hiş­di be­dew­le­riň ýur­dy hök­mün­de ir dö­wür­ler­den bä­ri dün­ýä bel­li bo­lan ýurt­dur.
Ýur­du­myz­da her ýy­lyň ap­rel aýyn­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li çä­re­ler hem-de be­hiş­di be­dew­le­riň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi giň ge­rim­de ge­çi­ril­ýär. Şu gün­ler türk­men hal­ky­nyň mil­li baý­ly­gy we buý­san­jy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Ahal­te­ke at­la­ry­nyň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi hem-de ola­ryň gö­zel­li­gi­ni şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty eser­le­rin­de, ne­şir önüm­le­rin­de, fo­to­su­rat­lar­da, te­le­ýaý­lym­lar­da çe­per be­ýan et­mek ug­run­da su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, di­zaý­ner­le­riň, te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mek ýa­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Türk­men be­dew­le­ri­niň owa­dan­lyk­da, ça­la­syn­lyk­da, duý­gur­lyk­da, ukyp-ba­şar­nyk­la­ryn­da de­ňi-ta­ýy bol­man­dyr. Türk­men be­dew­le­ri­niň dün­ýä meş­hur aja­ýyp­lyk­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­me­gin­de türk­men se­ýis­le­ri­niň orny örän ulu­dyr. «Mal eýe­si­niň gö­zün­den suw içer» diý­li­şi ýa­ly, mer­di-mer­da­na­ly­gy, gaý­duw­syz­ly­gy, üşük­li­li­gi bi­len eýe­si­ne meň­ze­ýän be­dew­le­ri ýe­tiş­dir­mek üçin se­ýis­ler ýa­daw­syz zäh­me­ti, ir­gin­siz ala­da­la­ry, ýi­ti ze­hi­ni siň­di­rip­dir­ler.
Türk­men hal­ky ga­myş­gu­lak be­dew­le­r ha­kyn­da köp san­ly na­kyl­lar dö­re­den halk­dyr. «At agy­nan ýer­de toý bo­lar», «At al­man­kaň eýer al», «At gy­ly­gy­na eýe­si ýe­tik», «At­da gaý­rat bol­sa, öz­ge syn bol­maz», «Aty ba­ryň ga­na­ty bar», «Og­ly ek­län ta­nar, aty sak­lan», «At – my­rat», «Be­dew – jul için­de, göw­her – kül için­de», «Ýüw­rük at öňü­ni göz­lär, ýag­şy ýi­git – so­ňu­ny» di­ýen ýa­ly köp san­ly na­kyl­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­dewlerimize bo­lan buý­san­jy, aja­ýyp ça­pyk­su­war­ly­gy, at üs­tün­dä­ki til­sim­le­re us­sat­lyk bi­len erk edi­şi her bir ada­myň kal­by­nyň tö­rün­den orun al­dy. Gahryman Arkadagymyz be­dew at­la­ry­myz ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Uly baý­ram­la­ryň, to­ma­şa­ly toý­la­ryň, mä­hel­le­li aý­law­la­ryň be­ze­gi bo­lan, ýö­rän­de seý­kin ba­syp, ça­pan­da ýer­läp uç­ýan, üs­ti şe­mal­ly be­dew­le­ri­miz türk­me­niň kö­ňül ga­na­ty­dyr, mil­li buý­san­jy­myz­dyr. Buý­sanç­ly baş­la­ry­ny be­lent tu­tup, yn­sa­nyň we­pa­dar dos­ty, aý­ryl­maz ýol­da­şy hem-de ýa­kyn syr­da­şy bo­lan meş­hur be­dew­le­ri­mi­ziň ge­lip çy­ky­şy bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan ozal­ky müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýär».
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda be­ýik ösüş­le­ri na­zar­la­ýan döw­rü­miz­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty has-da be­lent de­re­je­le­re gö­te­ril­di. Aja­ýyp döw­rü­mi­ziň be­ze­gi­ne öw­rü­len be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ba­ra­da­ky ala­da­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­ka­ran, türk­men hal­ky­nyň yk­ba­ly­ny gal­kyn­dy­ryp, bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň bag­ty­na gu­wa­nyp, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ýan hal­ky­my­za döw­let­li-döw­ra­ny peş­geş be­ren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ars­lan MU­HAM­MET­DUR­DY­ÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.