Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­tor­lar ge­ňe­şi ABŞ-nyň da­laş­gä­ri Ajaý Ban­ga­ny ban­kyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. Ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň ber­ýän be­ýa­na­tyn­da Ajaý Ban­ga­nyň ban­kyň 14-nji baş­ly­gy bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Be­ýa­nat­da Ban­ga­nyň 2-nji iýun­dan baş­lap, 5 ýyl­lyk möh­let üçin saý­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di.
Di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň 2011-nji ýyl­da ban­kyň paý­dar­la­ry ta­ra­pyn­dan ne­ti­je gel­nen saý­law pro­se­si­ne gö­rä baş­ly­gy saý­lan­dy­gy, bu pro­se­siň aý­dyň, la­ýyk­ly­ga da­ýan­ýan we aç-açan bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di.
Ajaý Ban­ga mun­dan ozal soň­ky ge­zek “Ge­ne­ral At­lan­tic”-de baş­ly­gyň orun­ba­sa­ry bo­lup iş­läp­di. Ozal­ky ýyl­lar­da bol­sa, Ban­ga­nyň 24 müň tö­we­re­gi iş­gä­ri bo­lan “Mas­tercard”-yň baş­ly­gy we do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­sy bo­lup iş­län­di­gi ha­bar be­ril­di.
Hin­dis­tan­da dün­ýä inen 63 ýaş­ly Ban­ga­nyň ABŞ-nyň ra­ýat­ly­gy bar. Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň baş­ly­gy Da­wid Mal­pass few­ral aýyn­da 4 ýyl­dan bä­ri alyp bar­ýan we­zi­pe­sin­den möh­le­tin­den ozal git­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Şo­nuň yzy­sü­re ABŞ-nyň ma­li­ýe mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan iýun aýy­na çen­li boş bol­jak Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň baş­lyk­ly­gy­na da­laş­gär­le­riň sa­na­wy­nyň gys­sag­ly dü­zül­ýän­di­gi ha­bar ber­lip­di. Şun­da da­laş­gär­le­riň ho­wa me­se­le­le­rin­dä­ki ga­ra­ýyş­la­ry äh­mi­ýet­li bol­ýar.
Bü­tin­dün­ýä ban­ky­na adat­ça ame­ri­ka­ly ýol­baş­çy­lyk ed­ýär, se­bä­bi ABŞ ban­kyň iň uly paý­da­ry­dyr. Şeý­le­lik­de, bu ýa­zyl­ma­dyk düz­gün we däp ýe­ne-de öň­kü­li­gi­ne gal­dy.