Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli zehininden, binagärlik taglymatyndan täze keşbe eýe bolan ak şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgerişe eýe boldy. Bu günki gün Orta Aziýanyň merjeni, Aziada – 2017-niň paýtagty taýsyz binagärlik keşbi bilen dünýäniň iň ösen paýtagt şäherleriniň hatarynda tanalýar.
Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde yglan edildi. Bu şanly senäniň ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň “Soňky jaň” dabarasyna gabat gelmegi halkymyzyň milli senenamasyna goşa baýram hökmünde girdi. Munuň özi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki gözelligiň şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabatda müňlerçe ýaşlara dünýä ülňülerine laýyklykda bilim berilýär.
Aşgabat – sagdynlygyň, ruhubelentligiň we sportuň şäheri. Munuň şeýledigini gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda emele gelen Olimpiýa şäherjigi, dünýä ülňülerine kybap gelýän sagaldyş we sport merkezleri doly tassyk edýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlary bolsa, dünýä sport äleminde täze sahypany açar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji maýynda geçirilen giňeldilen mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaşyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” meýilleşdirilen işleriň çäklerinde ýurdumyz boýunça 200,4 kilometr inženerçilik ulgamlary çekildi, 329,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly 65 desganyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 30-nyň gurluşygy tamamlanyldy. Häzirki wagtda 500,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan şäherdir. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrundaky Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, 2010-njy ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Halkara howa menziline barýan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda nesilbaşymyza we onuň ogullaryna bagyşlanyp gurlan “Oguz han” suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň günortasyny etekläp oturan Köpetdagyň belent tebigy gerişleriniň üstündäki “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, 2012-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda “Bagt köşgi” bu dünýä kitabynda mynasyp orun aldy. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda ýurdumyzyň taryhynda ýene-de bir möhüm waka – paýtagtymyzda Halkara howa menzili açyldy. 1200 gektara golaý meýdanda 100-den gowrak desgany öz içine alýan bu toplum täsin binagärlik keşbine eýedir. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde, Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.
Gysga döwrüň dowamynda paýtagtymyzda emele gelen “Garaşsyzlyk”, “Arkadag”, “Bitaraplyk”, “Ak şäherim Aşgabat”, “Ylham”, “Oguz han” seýilgähleri, “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, “Zemin”, “Ebedilik”, “Jebislik”, “Ösüş”, “Erkanalyk”, “Çemen”, “Dowamat”, “Alaw” ýaly monumental ýadygärlikler onuň zyba keşbini has-da gözel görnüşe eýe etdi.
Aşgabat – dünýäniň çar künjünde ýaşaýan türkmenleriň ata Watanynyň paýtagtydyr. Her ýylda paýtagtymyzda türkmen arkadaşlarymyz bir saçagyň başynda jem bolup, didarlaşmak bagtyna eýe bolýarlar. Ýeri gelende aýtsak, şu aýyň 16-syna paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen foruma ýüzlerçe arkadaşlarymyz gatnaşmaga mümkinçilik tapdylar.
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat ösýär, özgerýär. Bu ýokary ösüşler halkymyzda çäksiz buýsanç, söýgi döredýär.
Goý, bu işleriň gözbaşynda durup, paýtagtymyza täze ýaşaýşy bagyş eden eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Täzegül SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.