Katar Ýakyn Gündogarda ýerleşýän dünýäde söwda we senagat taýdan ösen döwletleriň biridir. Paýtagty Doha şäheridir. Meýdany o diýen diýen uly bolmadyk ýurt tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Şeýle hem bu döwlet medeniýet merkezleri we öňdebaryjy muzeýleri bilen dünýä meşhurdyr.
Yslam sungaty muzeýi ýurduň paýtagtynda ýerleşýär. Bu muzeý ussat binagär Io Mi Peýiň taslamasy esasynda gurlup, 2008-nji ýylda açylýar. Asly hytaýly bolan Io Min Peý ABŞ-da ýaşaýan dünýä belli arhitektor bolup, Boston şäherindäki Jon Henkok diňi, şol ýerdäki Jon Kennedi adyndaky kitaphana, Singapuryň Raflz-Siti binalar toplumy, Ýaponiýadaky Miho muzeýi, Pariždäki Luwr piramadasynyň piramida şekilli özboluşly desgalaryň gurluşygynda ussat arhitektoryň hyzmatlary uludyr.
Muzeýiň aýratynlygy gündogaryň binägärlik däpleri esasynda gurulmagydyr. Muzeý yslam dünýäsiniň özboluşly medeni mirasyny özünde saklaýar. Her bir eksponatyň özboluşly şekil bilen öwüşgün atmagy, bu ýere gelenleriň bada-bat ünsüni çekýär.
Milli muzeý 2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berlip, şondan bäri çylşyrymly binagärlik gurluşy bilen hemmeleri haýrana goýup gelýär. Desganyň gurluşygynda dünýä meşhur fransuz binagäri Žan Nuweliň on ýyldan gowrak dowam eden zähmeti uludyr. Ol öz işini çylşyrymly dizaýn konsepsiýasy hasap edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bolsa bu täsin desgany çöldäki gül ýa-da çägäniň üstündäki gül diýip atlandyrýar. Alaň çägeleriň üstünde owadan tebigaty ýatladýan özboluşly binagärlik desgasynyň kemala gelendigi aýdyň görünýär.
Muzeýiň töweregindäki agaçlardan düzülen landşaft owadan tebigaty göçürip gelen ýaly görünýär. Köpöwüşgünliligi, tebigatyň reňkleriniň tehnologiýalaryň üsti bilen özboluşly şekillerde janlandyrylmagy bu ýere gelenleri has-da özüne çekýär.
Bu ýerde gadymy döwürlerden bäri saklanyp galan milli gymmatlyklar bolup, katar medeniýeti, sungaty, taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Taryhy hakydanyň şu günki gün bilen sazlaşýan keşbi göz öňünde janlanýar. Taryhy janlandyrýan şekil taslamalaryna, şaý-seplere, arheologik tapyndylara, ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky gymmatlyklara möhüm orun berilmegi muzeýiň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 20-nji martynda Katara amala aşyran döwlet saparynyň barşynda Milli muzeýe baryp görmegi, muzeý gymmatlyklaryny saklamak barada gazanylan katar tejribesi bilen ýakyndan tanyş bolmagy bu ugurda geljekki ösdüriljek hyzmatdaşlygyň badalgasy bolup durýar.
Katarda şeýle täsin muzeýleriň ençemesini görmek mümkin. Bu döwlet dünýäde muzeý işiniň özboluşly tejribesine eýe bolup durýar. Munuň özi muzeý işi babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýetini has-da artdyrar.
Gurbanmyrat GURBANOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.