Ynsanlaryň arasyndaky gatnaşykda salamdan soňky söz saglyk bilen baglanşyklydyr. Aslynda halkymyz saglygyny başynyň täjine deňeýär. «Saglyk her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen jümle bar. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diýseň wajypdyr. Az hereketli durmuş, kadaly iýmitlenmezlik, dyngusyz ýüregi sarsdyrýan durmuşy ýagdaýlar, işdäki kynçylyklar, ýaramaz endiklere ýykgyn bolmak, kadaly ukyny almazlyk – bularyň barysy ne owadanlyga owadanlyk goşýar, ne-de sagdynlygy berkidýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň esasy şygarlarynyň birinde şeýle diýýär: «Diňe keselleriň we beden kemçilikleriniň bolmazlygyny däl, eýsem doly fiziki, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik abadançylygynyň bolmagyny hem gazanmalydyr». Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňe gidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmeler üçin aýan bolup, her bir adama başardýandyr.
Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat guralan zähmet, gowy dynç alyşlar we kadaly ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleri beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirip, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi bu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär.
Beden maşklaryny etmek, ýöremek, tämiz howada gezelenç etmek, tebigata gezelenje gitmek we sport bilen meşgullanmak ýaly işleri yzygiderli ýerine ýetirmek hereketli durmuş hasaplanýar. Bu zatlaryň hemmesi erjelligi talap edýär, ýöne edeýin diýseň başartmajak zat ýok. Ýokarda agzalan şertler bilen birlikde dogry iýmitlenmegiň talaplaryny hem berjaý etmelidir. Dogry iýmitlenilmese, sagdyn durmuş ýörelgesini edinmek mümkin däl. Muny lukmançylyk hünärmenleri hem tassyklaýar.
Dogry iýmitlenmek ynsan saglygy üçin iň peýdaly ugurlaryň biri hasaplanýar. Munuň üçin ilki bilen gök önümleri, miweleri iýmelidir. Dogry iýmitlenmäniň esasy kadasy çenden artyk iýmezlikdir. Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmaly we tebigy önümleri iýmäge ymtylmalydyr. Oňat we dogry saýlanan iýmitleniş sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir.
Şadyýan we sagdyn durmuşda ýaşamaga bolan ymtylyş, öňe hereket etmek, täze sepgitlere ýetmäge bolan höwes-bularyň hemmesi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem maksady, hem netijesidir.
Baýram BABAHANOW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.
PDF









