Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleri, hususan-da, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň täze tehnologiýalar bilen döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň maliýe we maýa goýum binýadyny berkitmäge uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşini üpjün etmekde we bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bank ulgamynyň hem işi uludyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda” we “Karz edaralary we bank işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem-de maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk resminamalar toplumynyň işlenilip taýýarlanylmagy bu ulgamyň esasy ugurlaryny we wezipelerini kesgitledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň mart aýynyň 24-ine geçirilen mejlisinde milli Liderimiz beýleki ugurlar bilen bir hatarda Bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselesine hem ünsi çekmek bilen, ýurdumyzda bank işleriniň we tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň pul geçirmek işlerini çaltlandyrmaga hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmaga getirjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýetiniň esasy tarapy bolan maliýe syýasatyny ösdürmek‚ milli pul birligimizi berkitmek‚ ilatyň peýdalanylmaýan pul serişdelerini önümçilikde maýa goýumlary hökmünde ulanmak üçin döwletiň maliýe dolanyşygyna çekmek meselesine hem yzygiderli üns berýär. Bu bolsa döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän we halkara hasaplaşyk gulluklarynyň galyberse-de, nagt däl hasaplaşyk ulgamlaryna baglaşdyrylan bir ulgamyň kemala gelmegini we ornaşdyrylmagyny aňladýar. Bank edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň global ykdysady we söwda gatnaşyklaryna integrirleşmegi we beýleki ugurlar boýunça aragatnaşyklaryň giňelmegi üçin örän wajyp şertleriň biridir.
Ýurdumyzda milli bank ulgamynyň ösüşiniň üpjün edilmegi we halkara töleg ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler bilen bir hatarda, häzirki wagtda 210 döwletden bolan 22 müňe golaý maliýe guramalaryny birleşdirýän bank kartlaryny peýdalanmak bilen öz işini alyp barýan iri hasaplaşyk ulgamy bolan “MasterCard” ulgamyny giňden ornaşdyrmak boýunça depginli işler dowam etdirilýär.
Hasaplaşygyň nagt däl görnüşiniň ösmeginde bank kartlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank plastik karty banklar tarapyndan müşderilere berilýän resminama bolup, ol dükanlardan harytlary nagt däl görnüşinde satyn almaklyk üçin peýdalanylýar. Ýurdumyzda müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň arasynda milli “Altyn Asyr” bank kart ulgamynyň hyzmatyna we halkara hasaplaşyklaryndaky ýörgünli töleg ulgamlary bolan “Visa”, “MasterCard” bank kartlary işjeň ulanylýar.
“VISA” plastik kartlary boýunça halkara hasaplaşyklar guramasy dünýäde iň uly sarp edijilik bazarynyň ulgamydyr. “VISA” kartlary satyn alynýan harytlaryň we hyzmatlaryň tölegleri nagt alynýan nokatlarda we bankomatlarda nagt pul serişdeleriniň alynmagyna hem-de “Internet” halkara maglumatlar ulgamynyň üsti bilen harytlaryň we hyzmatlaryň satyn alynmagy üçin tölegleri boýunça harajatlary amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.
“VISA BIZNESS” plastik karty kärhanalaryň we guramalaryň adyndan amala aşyrylýan harajatlaryň tölegini geçirmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu görnüşli kartlar syýahatçylyk we dynç alyş ulgamy üçin niýetlenilip, iş harajatlaryna gözegçilik etmäge hem ýardam berýär.
“VISA KLASSIK” dünýäde iň giň ýaýran söwda nokatlarynyň, banklaryň bölümleriniň we bankomatlaryň ulgamynyň hyzmatlary bilen peýdalanmaga hem-de “Internet” halkara maglumatlar ulgamynyň üsti bilen harytlaryň we hyzmatlaryň satyn alynmagy üçin tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
“VISA ELEKTRON” kartlaryň iň elýeterlisidir. Ol dolandyrmak babatda aňsatlygy bilen tapawutlanýar. Ol elektron terminallary bilen üpjün edilen nokatlarda harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri geçirmäge niýetlenendir hem-de bankomatlar arkaly we banklarda elektron terminallary arkaly nagt pullaryň alynmagyny üpjün edýär.
Umuman, halkara hasaplaşygynda ulanylýan plastik kartlaryň geljegi we mümkinçiligi biziň ýurdumyzyň bank ulgamynyň tejribesinde örän ýokarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň üznüksiz aladasy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary derejelere ýetirmek maksady bilen, milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan bank ulgamynyň hem tehnologik binýadyny täze innowasion işläp taýýarlamalar bilen pugtalandyrmak işleri üznüksiz dowam etdirilýär. Bu oňyn ýagdaý gelejekde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün etmekde hil taýdan täze mümkinçiliklere giň ýol açar. Nagt pul hasaplaşyklary bilen bir hatarda, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna daýanyp, nagt däl hasaplaşyklaryň ulanylyşynyň geriminiň düýpli giňelmegi, ýurdumyzda hereket edýän bankomatlaryň, töleg terminallarynyň, plastik kartlaryň giň ýaýran ulgamynyň döredilmegi bank ulgamy tarapyndan görkezilýän hyzmatlaryň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Bu örän ýerlikli we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Bagtyýar Gurbansähedow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.