2040-njy ýyla çenli Ýer togalagynyň plastik bilen hapalanmasyny 80%-e çenli azalyp bolar. Bu barada BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň bilermenleri (ÝUNEP) mälim edýärler. Bilermenler polimer galyndylaryna garşy göreşiň – howa, tebigata we jemgyýetiň saglygyna ýetirýän zyýanly täsirini azaltmagyň hasabyna dünýä ýurtlaryna trillionlarça dollar peýda getirjekdigini öňe sürýärler.
Hasabatda artykmaç gaplamalardan we ýok halatynda-da oňup boljak beýleki önümlerden ýüz öwürmegiň tutuş dünýäde plastik galyndylaryny azaltmak babatda ilkinji ädimdigi bellenilýär. Mundan beýläkki çäreler plastmassa önümleriniň gaýtadan işlenilmegini hem-de gaýtadan ulanylmagyny ýokarlandyrmagy, şeýle-de polimer materiallaryň ekologiýa taýdan arassa alternatiwalar bilen çalşylmagyny öz içine alar.
ÝUNEP plastik senagaty bilen bagly döwlet syýasatyndaky öňe gidişlik 2040-njy ýyla çenli plastik galyndysynyň ýyllyk göwrümini 40 million tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berer diýip çaklaýar. Eger-de zerur çäre görülmese, dünýäde her ýyl 227 million tonna plastmassa galyndylary emele geler.
Bilermenler diňe plastik önümlerini gaýtadan ulanmak arkaly 2040-njy ýyla çenli plastik bilen hapalanmanyň möçberini 30% azaldyp boljakdygyny bellediler. Şeýle taslama 2025-nji ýylda Beýik Britaniýada synagdan geçiriler. Gaýtadan işlemegiň artmagy 2040-njy ýyla çenli hapalanmany ýene 20% azaldar, plastigiň kagyz we çüýremäge ukyply materiallar bilen çalşylmagy bolsa dünýäni ýene-de 17% polimer galyndylardan halas eder. ÝUNEP galyndylaryň galan bölegini esasy plastik önümçiligine salgyt salmagyň we plastmassa çykarmak üçin esasy çig mal bolan gazylyp alynýan ýangyjyň önümçiligi üçin subsidiýalary ýatyrmagyň hasabyna ýok etmegi teklip edýär.
Plastigiň ekologiýa taýdan has arassa alternatiwalaryna geçmek üçin ýylda 65 milliard dollar töweregi gerek bolar, ýöne bu mukdar global plastik senagatynyň ýyllyk çykdajysynyň diňe ýarysyny emele getirýär.
ÝUNEP-iň hasabyna görä, geljekki 20 ýylyň dowamynda plastik bilen hapalanmanyň 80% azalmagy 3 trillion dollardan gowrak zyýanyň öňüni alyp, 500 million tonna CO2 zyňyndylaryndan dynmaga mümkinçilik berer. Hasabatda plastigiň az mukdaryna geçmegiň, esasanam, pes girdejili ýurtlarda 700 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigi görkezilýär.