Elektroulag satuwyny artdyrar

74

Wýet­na­myň “Vin­Fast” kom­pa­ni­ýa­sy eks­por­ta ibe­ril­ýän elet­rou­lag­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­ne baş­la­ny­na o di­ýen köp wagt geç­me­dik “Vin­Fast” kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň do­wa­myn­da da­şa­ry ýurt­la­ra 40-50 müň ulag sat­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ge­çen ýyl bu ýurt­da 7 müň 400 elek­tou­lag sa­ty­lyp­dy. “Vin­Fast’”-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy Pham Nhat Wun bu ýyl De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka eks­por­ta baş­la­dy. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hem eks­port edi­lip baş­lan­jak­dy­gy­ny aý­dan Wun kom­pa­ni­ýa­nyň 2024-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ma­gy üçin sarp edi­len çyk­da­jy­nyň ýa­pyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Şeý­le hem Wun ön­dür­ýän elekt­rou­lag­la­ry­nyň ara­sy­na ýe­ne iki mo­de­liň – ki­çi ýük ula­gy­nyň hem-de şä­he­ri­çi ýa-da mi­ni elekt­rou­la­gyň hem go­şul­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şä­her ula­gy­nyň 10-12 müň dol­lar ara­ly­gyn­da bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, dün­ýä­niň iň ar­zan elekt­rou­lag­la­ry­nyň bi­ri sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.

Ba­tyr Ha­ýy­dow, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.