Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da ilkinji finalçy belli boldy. Günbatar Konferensiýanyň finalynda Denwer Naggets toparyna NBA-nyň iň köp çempion bolan 2 toparynyň biri Los Anjeles Leýkersden üstün çykmak kyn düşmedi. Öz meýdançasyndaky ilkinji 2 duşuşykda 132:126, 108:103 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Denwer Naggets Los Anjelesdäki 3-nji duşuşykda garşydaşyndan üstün çykdy (119:108). Çekeleşikli geçen 4-nji duşuşyk hem Los Anjelesde oýnalyp, 3-nji periodda has tijenen myhmanlar 113:111 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şunlukda, umumy hasapda 4:0 öňe saýlanan Denwer Naggets 56 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Konferensiýanyň çempiony bolup, NBA-nyň finalyna çykmagy başardy. Duşuşykda 30 utuk 14 ribaund, 13 asist görkezijiler bilen triple-double eden serbiýaly Nikola Ýokiç Günbatar Konferensiýa finalynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. Ol şu möwsümde pleý-off 8-nji gezek triple-double edip, Wilt Çemberleýniň 1967-nji ýyldaky 7 oýunlyk rekordyny täzeledi. Jamal Marri 25, Aaron Gordon 22 utuk geçirip, toparlarynyň ýeňiş gazanmagynda uly goşant goşdy. Duşuşykda LA Leýkersiň super ýyldyzy LeBron Jeýmsiň 40 utuk, 10 ribaund, 9 asist görkezijileri ýeňşe ýeterlik bolmady.

Denwer Naggets finalda Maýami Hit ýa-da Boston Seltiks bilen duşuşar. Ilkinji 3 oýunda ýeňiş gazanan Maýami Hit 4-nji duşuşygyny ertir öz meýdançasynda geçirer. Maýami Hit bu duşuşykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda finala çykar.