Te­le­ýaý­lym­da to­ma­şa ed­ýän bol­saňyz, Af­ri­ka­nyň käýer­le­rin­de ýa­gyş möw­sü­mi­niň baş­la­nma­gy bi­len, te­bi­ga­tyň gys­ga wagt­da jan­la­nyp, gu­rak­lyk döw­rün­de-de ot­la­ryň gu­rap, der­ýa­la­ryň su­wu­nyň ke­sil­ýän­di­gi­ni gö­ren­si­ňiz. Bu ýag­daý tro­pi­ki säh­ra­lar­da her ýyl gaý­ta­la­nyp dur­ýar. ABŞ-nyň Ore­gon şta­tyn­da bol­sa, has üýt­ge­şik te­bi­gy ha­dy­sa bol­ýar. Bu ýer­dä­ki köl her ýyl ýok bo­lup, gaý­ta­dan peý­da bol­ýar. Wil­lia­met­te to­ka­ýyn­da­ky kö­lüň mun­dan 3000 ýyl ozal eme­le ge­len­di­gi aý­dyl­ýar. Şta­tyň iň uly şä­her­le­ri Port­lan­dyň 130 mil uza­gyn­da­ky bu köl­dä­ki ha­dy­sa dün­ýä­niň baş­ga hiç bir ýe­rin­de ga­bat gel­me­ýär. Kö­lüň su­wy her ýyl dia­met­ri 2 met­re go­laý de­şik­den ýe­riň aşa­gy­na akyp, do­lu­ly­gy­na gu­tar­ýar. Şeý­le­lik­de, daş-tö­we­re­gi dag­lar bi­len gur­şa­lan kö­lüň ýe­ri ot­luk meý­da­na öw­rül­ýär. Ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len dag­la­ryň buzy we gary eräp, ol ýer­de tä­ze köl eme­le gel­ýär. Bu tä­sin wa­ka köp wagt­dan bä­ri te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­le­riň ün­sü­ni çek­ýär we bu ugur­da yl­my iş­ler ge­çi­ril­ýär. Su­wuň akyp, ýe­riň aşa­gy­na gid­ýän de­şi­gi­niň wul­ka­nyň part­la­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýar. Ore­go­nyň be­ýik dag­la­ryn­da iş­jeň­li­gi­ni ýi­tir­me­dik wul­kan­lar hä­zir hem bar.
Suwy ni­rä ak­ýar?
Wul­kan­lar aty­lan­dan soň­ra Ýe­riň ýü­zün­de gal­ýan läbik so­wap ga­ta­ýar. Em­ma aşa­gy gyz­gyn­ly­gy­ny sak­la­ýar we gaýnamagyny do­wam et­dir­ýär. Aşak­da­ky gyz­gyn lä­bik so­wan gat­la­gyň için­den ge­çip, ak­yşy­ny do­wam et­dir­ýär. Gyz­gyn lä­bi­giň akan ýe­ri wul­kan sö­nen­den soň­ra Ýe­riň üst­ki gat­la­gy bi­len aşa­ky gat­la­gy­nyň ara­syn­da de­şik eme­le ge­tir­ýär. Ola­ryň giň­li­gi dür­li ulu­lyk­da bo­lup bil­ýär.
Wul­ka­nik ga­ýa­ly­gyň üs­tün­dä­ki köl­dä­ki de­şi­giň hem şeý­le bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi aý­dyl­ýar. Em­ma su­wuň ni­rä ak­ýan­dy­gy hä­zi­re çen­li anyk­lan­ma­dy. Bu ýag­daý syr bol­ma­gyn­da gal­ýar we ony öwrenmek üçin yl­my iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.
Ore­gon kö­lü­niň go­la­ýyn­da şu­ňa meň­zeş ýe­ne bir köl bar. Onuň su­wy hem ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len ýok bol­ýar. Em­ma bu kö­lüň su­wy gys­ga wagt­da däl-de, ga­ýa­da­ky maý­da­jyk jaý­ryk­lar ar­ka­ly ýu­waş­lyk bi­len si­ňip gid­ýär.