Patik Çakraborti ýene bir hyýala mündi. Derýanyň kenaryndaky batgalykda kürek ýasamak üçin goýlan töňňe ýatyrdy. Ol bu töňňäni oglanlar bilen üýşüp, ýerinden gozgamagy hem uzaklara äkitmegi ýüregine düwdi. Patigiň teklibini goldan oglanlar dessine işe girişdiler. Ýöne Patigiň inisi Makhanyň ýagşydan-ýamandan zat diýmän, töňňäniň üstüne geçip oturmagy hemmäni geň galdyrdy. Oglanlar onuň bu garaşylmadyk hereketine aňk-taňk boldular. Ahyry olaryň ekabyrraklarynyň biri geldi-de, oňa ýerinden turmagy buýurdy. Emma Makhan oňa barmysyňam diýmän, doňňaradaş ýaly bolup, öňküsi ýaly ýerinden butnaman otyrdy. Onuň bu bolşy çaga oýunlarynyň wagtlaýyn güýmenjedigi hakynda oýlanýan pelsepeçä meňzeýärdi. Oglanlar sabyrlylyk edip, çydajak boldular, ahyry Patik gatyrganyp:
– Makhan, tur ýeriňden, ýogsam, eýgilige garaşma!
Agasynyň özelenmegi Makhanyň gulagynyň ýele ýanyndan geçip gitdi, ol gaýta tersine, has ykjam ornaşdy. Adatça, şeýle ýagdaýlarda ini agasyna gulak asaýmalydy. Patigiň Makhana ýüregi awadymy ýa inisiniň kejirligine kejirlik bilen jogap berjek boldumy, garaz, oglanlara agajy Makhan bilen bilelikde itmegi buýurdy. Makhan buýrugy eşidip, agaja öňküsinden hem beter ykjam ýapyşdy. Sebäbi töňňeden düşmän, öz diýenini gögertmek onuň üçin uly abraýdy. Ol bu işiň töwekgelçiliklidigini bilse-de, men-menlik paýhasdan üstün çykdy.
Oglanlar: – Hany, hemmämiz birlikde, bir, iki, ü-ü-üç – diýşip, töňňäni ýerinden gozgadylar. Olar eden işlerine buýsanyp, şatlyk-şowhun bilen gygyryşýardylar. Ýöne näme-de bolsa, Patik biraz gorkdy. Çünki inisi ýykyljakdy.
…Makhan aglamjyrap, zordan özüni kenara atdy. Ol demini dürsänden soň, öýlerine bakan ýöneldi. Patik bolsa, ýüz-gözüni süpürdi-de, derýanyň kenarynda bireýýäm ulanylyşdan galan gaýygyň bir künjünde oturyp, agzyna ot salyp, çeýnemäge başlany hem şoldy welin, kenara bir gaýyk ýakynlaşdy. Ondan saçyna ak girip ugran murtly, orta ýaşlaryndaky bir adam düşdi-de, Çakrabortileriň öý salgysyny sorady. Patik ot çeýnäp oturyşyna:
– Anha, şo taýda – diýip, belli bir ugry görkezmän, perwaýsyzlyk bilen jogap berdi. Edil şol wagt hem Patikleriň öý hyzmatkäri gelip, ony ejesiniň çagyrýandygyny aýtdy. Ýöne oglanjyk oňa barmysyňam diýmedi, hatda ýüzüne-de seretmedi. Patigiň bu bolşuna gahary gelen hyzmatkär ony tutdy-da, haýyna-waýyna garaman, öýe äkitdi.
Patik öýe girenden soň, gapydan hälki nätanyş adam hem girip geldi. Patik utançdan ýaňa gyzaryp, ýüzüni ýere sallap durdy. Ejesi yza çekilip, hälki nätanşa seretdi welin, çagalaryna gelen gaharyndan nam-nyşan galmady. Çünki gelen adam onuň doganydy. Oglanlaryň ejesi: – Doganjygym! Nireden geldiň? – diýip, aşak egildi-de, onuň aýagyna baş goýdy. Patigiň ejesi durmuşa çykandan soň, öýüne gelen Bishamber atly dogany Bombeýe göçüp, işe ýerleşipdi. Ol Bombeýde ýaşap ýörkä Patigiň kakasy aradan çykypdy. Kalkutta şäherine göçüp gelenden soň bolsa, sorap-idäp, aýal doganyny tapypdy. Şeýlelikde, daýy-ýegenler birnäçe günlerini şatlyk-şagalaň bilen geçirdiler. Bishamber ýegenleriniň bilim-terbiýesi barada soranda, oglanlaryň ejesi uly oglunyň okaýşynyň o diýen öwerlik däldigini, onuň hemişe diýen ýaly ejesini oňaýsyz ýagdaýlara salýandygyndan zeýrendi. Uly ogly ýalta hem garagoldy, emma Makhan onuň tersine, ýuwaş, edepli hem okuwyna yhlaslydy. Ýegenleriniň ýagdaýy bilen tanşan Bishamber Patigi öz çagalary bilen bilelikde, Kalkuttada okatmagy teklip etdi. Onuň bu pikirini eneli-ogul derrew unadylar.
Ýol şaýy tutulansoň, Patik zol-zol haçan ýola düşüljekdigini sorap başlady. Oglanjyk uzakly gün bir ýerde oturyp bilmän, aýagy bişen ýaly ikibaka zowzanaklady, uzakly gijesini çirim etmän geçirdi. Ol Makhana çeňňegini, batböregini hem jäjeklerini sowgat berdi. Hakykatdan hem, gitmeli bolanda, ol çäksiz jomartlyk görkezdi.
Patik Kalkutta baryp, daýzasy bilen tanyşdy. Emma onuň bar aladasy özüniň üç ogluny terbiýeläp ýetişdirmekdi. Patik hem bularyň üstüne artykmaç ýük boldy duruberdi. On dört ýaşan, munuň üstesine-de, obada önüp-ösen oglany öz ogullarynyň arasyna goşmagy Bishamberiň aýalyny uly alada goýdy. Hakykatdan-da daýysy Patigi getirmänkä, bu hakda mazalyja oýlanaýmalydy.
Durmuşda on dört ýaşyna ýeten ýetginjegi dogry ýola salmakdan kyn iş ýok bolsa gerek. Oňa çaga sereden ýaly seretmek mümkin däl, onuň özi hem muňa döwtalap bolup durmaýar. Olar çaga gürrüňini etse, ulalyp oňalmadyk diýerler, uly adam ýaly geplese-de edepsiz diýerler. Aslyýetinde, olaryň her bir aýdýan sözünde gaharyňy getirip biläýjek many ýatandyr. Ýetişip barýan döwürlerinde bolsa, gözüňe has-da ýakymsyz görünýär. Çagalaryň hatalaryny bagyşlamak aňsatdyr, ýöne eýýäm on dört ýaşan ýetginjege geçirimlilik etmek kyndyr. Çünki olar ähli zady bilýändirin öýdüp pikir edýärler. Ulular bilen gepleşende ýa içginsireýärler, ýa-da özüni gaty utanjaň hem ýygra alyp barýarlar. Bu ýaşdaky oglanlaryň kalby kimdir biri tarapyndan söýülmegini hem goldanylmagyny küýseýär. Hut şonuň üçin hem olar derrew özüne hormat goýýan hem sylaýan adamyň guluna öwrülýärler. Ýöne hiç kim olara açykdan-açyk söýgüsini bildirmez. Çünki bu ýerliksiz hereket ýetginjek üçin erbet görelde hasap edilýär. Olaryň kemçiligini tapmaga gezek gelende welin, adamlar edil eýesini ýitirip, sergezdançylyga sezewar bolan itlere dönýärler.
Önüp-ösen öýi ýetginjek üçin eşret mekanydyr. Ýat adamlar bilen bir işikden girip-çykmak oňa diýseň hupbatly duýulýar. Zenanlaryň özüne ýylgyryp bakmagy hem-de, özünden hiç-hili kemçilik tapmazlygy onuň üçin iň oňat şatlykdyr. Daýysynyň öýünde çagyrylmadyk myhman ýaly bolup ýaşamak, hem-de özüne üns berilmezligi Patigi gün geçdigiçe gam laýyna batyrýardy. Eger bardy-geldi daýzasy ondan bir zat haýyş edäýse, ol diýseň begenjekdi. Emma ol Patige bolgusyzja hereketler etmän, okuwy bilen bolmagy tabşyrýardy.
Bu öýüň ýüregedüşgünç howasy Patigi şeýle bir gysyp-gowurýardy welin, ol bu ýerde kynlyk bilen dem alýandygyny duýýardy. Onuň ýaýylyp ýatan meýdanlara çykyp, tämiz howadan öýkenini dolduryp-dolduryp, dem alasy gelýärdi. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly bu töwereklerde meýdanlyk bolman, çar tarapyňy şäher öýleriniň diwarlary gallap durdy. Patik her gije öýlerine dolanjak gününi göz öňüne getirýärdi. Uzakly gün batböregini uçuran, ýaýylyp ýatan çaýyrly meýdanlaryny, şatlyk-şagalaň bilen sesiniň ýetdiginden gygyryp hem aýdym aýdyp gezen derýa boýuny, islän wagty gidip, göwnüniň küýseýşi ýaly suwa düşen çaýyny ýatlaýardy. Göwnüne degen ýoldaşlary we öz ogluna ters düşünen ejesi hakyndaky ýatlamalar gije-gündiz oglanjygyň beýnisine agram salýardy. Bu wagtlaýyn, ötegçi duýgudy; eý görýän adamyň hasratyny çekmek, özi ýok wagty gadyryny bilmek, utanjaň we ejiz oglany otdan alyp, suwa salýardy. Hiç kim muny duýmasa-da, hemişe onuň aňynda şular aýlanýardy.
Patik mekdepde gowşak okaýardy. Mugallym sorag berende aljyramakdan ýaňa, ses-üýnüni çykarman durýardy. Çagalar daşarda oýnap ýörkä, ol içerde penjiräniň öňünde durup, hasratly nazary bilen hol, alysdaky öýleriň üçegini synlardy. Günleriň birinde ol ahyry ýüregine daş baglap:
– Daýy, haçan öýümize dolanaryn? – diýip sorady.
– Kanikula çenli garaş – diýip, daýysy jogap berdi.
Emma dynç alyş möwsümi noýabr aýynda bolany üçin, oňa entek ep-esli wagt bardy. Bir gün Patik okuw kitabyny ýitirdi. Kitaplaryň kömegi bilen sapaklaryna zordan ýetişip ýördi welin, indi bu-da mümkin däldi. Onuň ýagdaýy şeýle bir agyrlaşypdy welin, daýysynyň ogullary hem onuň bolup ýörşünden utanýardy. Ahyrsoňy ol daýzasyna kitabyny ýitirendigini aýtdy. Daýzasy dodaklaryny çöwürdi-de:
– Wah, öz maşgalamyň keşigini gerdenimde çekip ýörkäm, indi saňa-da aýda bäş gezek täze kitap alyp bermelimi? – diýdi. Şol gün agşam Patik mekdepden öýe gaýdyp gelýärkä üşäp, kellesi agyryp başlady-da, ysytma tutup ugrady. Ýöne onuň gorkusy, ysytma däl-de, eýsem, daýzasyna dert-azar bolmakdy. Patigi hiç ýerden tapmadylar. Uzakly gije bedreden guýulýan ýaly ýagyş ýagany üçin onuň gözlegine çykanlar süllümbaý ezilip, öýe dolandylar. Ahyry Bishamber polisiýa işgärlerine ýüz tutdy. Şol gün agşam polisiýanyň awtoulagy işige gelip saklandy. Ýagyş häli-şindi hem diňmän, köçeleri sil suwy aldygyna ýuwup barýardy. Iki sany polisiýa işgäri Patigiň elinden tutup, daýysynyň gaşyna getirdiler. Patik süllümbaý ezilip, ýüz-gözüne çenli palçyga bulaşypdy. Süňňi titräp, ysytma tutýardy. Bishamber ony öýe saldy. Aýaly Patigi görenden iňirdäp ugrady:
– Bu çaga başymyza bela boldy! Ony öýlerine iberäýmelidiň!
Oglanjyk daýzasynyň bu sözlerini eşidip, aglamaga başlady:
– Daýy, men ýöne öýe barýardym, ýöne bular meni yzyma getirdiler.
Patigiň gyzgyny galyp, uzakly gije samrap çykdy. Bishamber lukman çagyrdy. Oglanjyk gyzaran gözlerini zordan açaga-da petige seredip:
– Daýy, okuw gutardymy? Indi öýe dolanyp bilerinmi? – diýip sorady. Bishamber gözüniň ýaşyny syldy. Ýegeniniň ot ýaly gyzgyn ellerini aýasyna alyp, bütin gijäni onuň bilen bile geçirdi.
Patik ertesi gün az wagtlyk hem bolsa, özüne geldi. Kimdir biriniň gelmegine garaşýan ýaly başyny galdyryp, otagyň içine göz aýlady. Gözüne üýtgeşik zat görünmänsoň, ýene umytsyzlyk bilen başyny ýassyga goýdy. Uludan dem aldy-da, ýüzüni diwara tarap öwürdi. Daýysy onuň näme küýseýändigini bilýärdi, başyny aşak egdi-de ýuwaşlyk bilen:
– Patik, ejeňi çagyryp getirmek üçin yzyndan adam ýolladym – diýdi. Şol günüň ertesi lukman howsala bilen onuň halynyň agyrlaşandygyny aýtdy. Patik: “Ho-op, üç sažen. Ho-op dört sažen. Ho-op…” Gämilerde deňizçileriň şeýle gygyryp eholoty suwa taşlaýandyklaryny ozal eşidipdi. Indi bolsa deňze sapara çykmak gezegi oňa gelipdi. Gün ýaşyp barýarka, Patigiň ejesi oglunyň ýatan otagyna ok ýaly atylyp girdi. Ene görgüli elewräp, aglaýardy. Bishamber ony köşeşdirmäge synanyşýardy:
– Patik, oglum, eziz oglum!
Patik çyrpynyp ýatyşyna biraz rahatlandy. Elleri iki baka hereket etmegini goýdy we diňe “Eý?” diýip ýuwaşça seslendi.
Ejesi ýene gygyrdy: – Patik, oglum, balam!
Oglanjyk haýallyk bilen başyny öwürdi we gözleri gamaşyp:
– Eje, kanikul döwri geldimi?- diýip pyşyrdady.
Terjime eden:
Jemşit DURDYÝEW,
Garaşsyzlyk etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.