Že­ne­wa­da ge­çi­ril­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş as­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri A.Ger­ma­no­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 2023-nji ýy­lyň 20-nji ma­ýyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) Baş di­rek­to­ry Ted­ros Adan Geb­rei­sus bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da mi­nistr Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ilat sag­ly­gy­ny üp­jün et­mek ul­ga­myn­da we bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan öňü­ni alyş çä­re­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy pu­da­gyn­da­ky bi­lim me­se­le­le­ri­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iler­let­mek, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ryň ir­ki anyk­la­ýyş çä­re­le­ri, şeý­le hem sag­dyn dur­mu­şyň mö­hüm­li­gi ba­ra­da­ky ha­bar­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da mag­lu­mat be­riş çä­re­le­ri ge­çir­mek ýa­ly ugur­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy BSGG-niň Baş di­rek­to­ry­ny ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek ba­ba­tyn­da ka­bul edi­len Aş­ga­bat jar­na­ma­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp 2024-nji ýy­lyň ap­re­lin­de ge­çi­ril­jek 3-nji Mi­nistr­ler mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
BSGG-niň Baş di­rek­to­ry, öz ge­ze­gin­de, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sag­dyn jem­gy­ýe­ti gur­mak, ra­ýat­lar üçin ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek, giň ge­rim­li san­jym mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak, der­man se­riş­de­le­ri­niň we luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi ba­ba­tyn­da, şeý­le hem tä­ze mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Bu­la­ryň äh­li­si­niň dur­nuk­ly ösüş ug­ru­nyň hem-de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­len­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­na sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek we kä­mil­leş­dir­mek ba­ba­tyn­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de BSGG ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­jek­di­gi nyg­tal­dy.