“Read Rate” saýty dünýäniň edebiýat kartasyny döretdi. Onda her ýurduň adyna derek ol ýerde doglan belli awtoryň meşhur kitaby görkezilýär. Kartanyň awtory Angliýa üçin Jeýn Ostiniň “Buýsanç we ýalan ynam” romanyny saýlap alypdyr. Russiýa Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romany bilen belgilenýär. Awtor Amerika üçin Harper Liniň “Bilbiliň öldürilmegi”, Şwesiýa üçin Stig Larssonyň “Aždarha tatuirowkaly gyz” eserlerini saýlapdyr. Ukraina edebiýat kartasynda Andreý Kurkowyň “Buzuň üstündäki piknik” romany bilen hödürlenipdir.
Şeýle hem kartada Afrika, Günorta Amerika we Aziýa ýaly ýurtlara hem ähmiýet berlip, Debory Ellisiň “Men – taksi” ýa-da Soni Leýboý Tensiniň “Antilopa” ýaly eserleri orta atylýar. Kartanyň awtorynyň pikirine görä, Rumyniýada, haçan-da bolsa bir mahal ýazylan iň oňat kitap hökmünde Liwiu Rebrýanunyň “Asylanlaryň tokaýy” atly eseri iň meşhur eser diýlip, öňe saýlanýar. Hytaý Sao Sýuesiniň “Gyzyl balahanadaky düýş”, Türkiýe Orhan Pamugyň “Meniň adym Gyrmyzy”, Çehiýa bolsa, Milan Kunderanyň “Durmuşyň çydamsyz ýeňilligi” atly kitaplary bilen hödürlenilýär.
“Read Rate”-iň edebiýat kartasy şulardan ybarat:
Russiýa /“Uruş we parahatçylyk” Lew Tolstoý.
Mongoliýa / “Mawy asman” Galsan Çinag.
Türkiýe / “Meniň adym Gyrmyzy” Orhan Pamuk.
Hytaý / “Gyzyl balahanadaky düýş” Sao Sýuesin.
Günorta Koreýa / “Wegeterian” Han Kang.
Hindistan / “Maýda-çüýdeleriň Hudaýy” Arundati Roý.
Ýaponiýa / “Zawod guşunyň hronikasy” Haruki Murakami.
Belarus / “Çernobyl dogasy” Swetlana Aleksiýewiç.
Ukraina / “Buzuň üstündäki piknik” Andreý Kurkow.
Çehiýa / “Durmuşyň çydamsyz ýeňilligi” Milan Kundera.
Polşa / “Gurjak” Boleslaw Prus.
Serbiýa / “Hazar sözlügi” Milorad Pawiç.
Wengriýa / “Egeranyň ýyldyzy” Geza Gardoni.
Rumyniýa / “Asylanlaryň tokaýy” Liwiu Rebrýanu.
Bolgariýa / “Demir çyra” Dimitr Talaýew.
Estoniýa / “Wargamýae” Anton Tammsaare.
Norwegiýa / “Açlyk” Knut Gamsun.
Daniýa / “Smillanyň gara bolan duýgusy” Piter Heg.
Şwesiýa / “Aždarha tatuirowkaly gyz” Stig Larsson.
Finlýandiýa / “Näbelli esger” Wýaýne Linna.
Ispaniýa / “Ýeliň saýasy” Karlos Ruis Safon.
Italiýa / “Meniň kämil joram” Elena Ferrante.
Germaniýa / “Öwrüliş” Frans Kafka.
Fransiýa / “Pislenen” Wiktor Gýugo.
Şwesiýa / “Haýdi ýa-da jadyly jülge” Ýohanna Spiri.
Awstriýa / “Häsiýetsiz adam” Robert Muzil.
ABŞ / “Bilbiliň öldürilmegi” Harper Li.
Kanada / “Ýaşyl mezoninli Anýa” Lýusi Mod Montgomeri.
Beýik Britaniýa / “Buýsanç we ýalan ynam” Jeýn Ostin.
Irlandiýa / “Uells” Jeýms Joýs.