Mü­sü­riň paý­tag­ty Ka­ir­de dün­ýä­niň iň giň as­ma köp­rü­si açy­lyp, ulan­ma­ga be­ril­di. “Rod al-Fa­rag Axis” at­ly köp­ri Nil der­ýa­sy­nyň des­ga­nyň üs­tün­den ge­çip, ini 67,3 met­re ýet­ýär. Şeý­le­lik­de, su­wüs­ti des­ga dün­ýä­niň iň giň köp­rü­si ady­na eýe bol­dy. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­nyň se­bit­le­ýin mü­di­ri köp­ri­niň dün­ýä­ni iň giň as­ma köp­rü­si­di­gi­ni tas­syk­lan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.
Köp­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da bir mil­li­on kub metr be­ton we 160 as­ma po­lat ur­gan üçin je­mi 1 müň 400 ki­lo­metr po­lat sim ula­ny­lyp­dyr. Şä­he­riň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky köp­ri gün­do­gar­da­ky Gy­zyl­de­ňiz bi­len Mü­sü­riň Or­ta ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ry­na bar­ýan ýol­la­ry­ny bir­leş­dir­ýär. Köp­ri­niň paý­tagt­da­ky ýol dyk­ny­şy­gy­ny azalt­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.