Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Türkmen medeniýeti özüniň baý taryhy ýadygärlikleri, çuň mazmunly ruhy baýlygy, nusgawy edebiýaty, saz sungaty, nepis halysy, ahalteke bedewi, amaly-haşam sungatynyň dürdäneleri, milli şaý-sepleri, taryhy ýadygärlikleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Mähriban halkymyz dünýä medeniýetiniň gazananlaryna ägirt uly goşant goşan halkdyr. Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet halkyň kalbydyr, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halklary doganlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, şeýle hem medeniýetleriň baýlaşmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzyň sungat ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sungat bäsleşiklerine, festiwallaryna hem-de döredijilik duşuşyklaryna gatnaşýarlar.
Şol bir wagtda ýaş nesli hem milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryndan ugur alyp terbiýelemek ugrunda giň tagallalar edilýär. Ýaşlaryň kiçilikden türkmeniň milli saz gurallaryny çalmagy we olaryň milli medeniýetimizi öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda munuň üçin sazçylyk mekdepleri hereket edýär. Şolarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny daşary ýurtlarda görkezmäge mümkinçilik alýarlar. Golaýda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde «Kainat» ýaşlar merkezi tarapyndan XIII halkara mugam festiwaly guraldy. Milli aýdym-saz sungatynyň nusgawy žanrlaryny ýaýbaňlandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen dabaraly çärä 7 döwletden ýetginjekleriň 19-sy gatnaşdy. Bu sungat baýramçylygyna ýurdumyzdan ýaş dutarçy bagşylar wekilçilik etdi. Şolardan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk hünäri boýunça 5-nji synp okuwçysy Söýün Orazdurdyýew birinji orny eýeläp, onuň ýerine ýetiren «Ak ýüzli Maralym» halk aýdymy tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 8-nji synp okuwçysy Sähetnazar Garaýewe hem festiwalda üstünlikli çykyş edendigi üçin diplom gowşuryldy.
Gadyr KUWADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.