22-26-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry­nyň orun­ba­sa­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Je­na­ýa­tyň öňü­ni al­mak we adyl ka­zy­ýet bo­ýun­ça ge­ňe­şi­niň (CCPCJ) 32-nji ses­si­ýa­sy­na gat­naş­ýar.
Ge­ňe­şiň bu ýyl­ky ses­si­ýa­sy «Adyl ka­zy­ýe­te el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mek hem-de howp­suz we go­rag­ly jem­gy­ýe­ti gur­mak mak­sa­dy bi­len adyl ka­zy­ýet ul­ga­my­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak» di­ýen mow­zuk bi­len ge­çi­ril­ýär.
Ses­si­ýa­nyň açy­ly­şyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ça­ba Kör­ýö­şi, Yk­dy­sa­dy we dur­muş ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Lu­çe­zar Sto­ýe­wa, BMG-niň Ne­şe se­riş­de­le­ri we je­na­ýat­çy­lyk bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ga­da Wa­li hem-de CCPCJ-iň 32-nji ses­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Me­ri Mug­wan­ýa çy­kyş et­di­ler hem-de olar je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş bo­ýun­ça äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ryň ös­me­gin­de bu Ge­ňe­şi­niň wa­jyp or­nu­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy öz çy­ky­şyn­da trans­mil­li je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş bo­ýun­ça hal­ka­ra we se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň iler­le­me­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň oňyn go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­na gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni çek­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýa­tyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ýok edil­me­gi bo­ýun­ça anyk mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ter­ror­çy­lyk, adam söw­da­sy, kor­rup­si­ýa, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­lan­şy­gy ýa­ly gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­nük­di­ri­len Mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi we ola­ryň do­ly de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär.
Türk­me­nis­tan BMG-niň Ne­şe se­riş­de­le­ri we je­na­ýat­çy­lyk bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň se­bit­de je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­de ýar­dam ber­mek, hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da bu ugur­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek, şeý­le hem hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň trans­mil­li gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýa­ta gar­şy Kon­wen­si­ýa­sy­na we onuň tes­wir­na­ma­la­ry­na gat­na­şy­jy döw­let hök­mün­de bu res­mi­na­ma­la­ryň ka­da­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi bo­ýun­ça syn ge­çir­mek işi­ne gat­naş­ýan­dy­gy hem nyg­tal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ra­tu­ra­sy bu sy­ny ge­çir­mek işin­de türk­men ta­ra­pyn­dan ut­gaş­dy­ry­jy bo­lup çy­kyş ed­ýär we bu ba­bat­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk alyp bar­ýar.