Ozalky sowet şahyry Wladimir Maýakowskiniň (1893-1930) Nýu-Ýorkda ýaşaýan ýeke-täk gyzy Patrisiýa Tompson (Ýelena Maýakowskaýa) 1-nji aprelde 90 ýaşynyň içinde Nýu-Ýorkda aradan çykdy.
Wladimir Maýakowskiý soňky gezek gyzy bilen aradan çykmazyndan iki ýyl ozal, didarlaşypdy. Patrisiýa Tompson Nýu-Ýorkuň Lemanowskiý kolležiniň filosofiýa ugrundan professory bolup, 20-den gowrak kitabyň, şol sanda kakasy baradaky “Maýakowskiý Manhettende. Söýgi taryhy” atly kitaby bilen bellidir.
Maýakowskiý bu ýurda syýahat edende, onuň ejesi – russiýaly emigrant Ýelizaweta Zibert bilen tanyş bolýar. Maýakowskiý 1925-nji ýylda Amerika barýar we ol ýerde birnäçe aý ýaşaýar. Onuň ýeke-täk gyzy 1926-njy ýylyň iýunynda dünýä inýär.
Tompson interwýularynyň birinde kakasyna degişli maşgala arhiwini we özüniň müňlerçe ylmy we çeper kitaplardan ybarat şahsy kitaphanasyny russiýaly bilermenleriň ygtyýaryna bermäge taýýardygyny mälim edipdi. Onuň sözlerine görä, arhiwdäki fotosuratlar, resminamalar we golýazmalar 90 ýyl mundan ozal, Maýakowskiniň ABŞ-a sapary, şeýle hem Tompsonyň ejesi – durmuşa çykandan soňra Elli Jons adyny alan russiýaly emigrant Ýelizaweta Zibert barada gürrüň berýär. Şahyr onuň bilen 1925-nji ýylda Nýu-Ýorkda tanyş bolýar. Bu bukjalaryň arasynda Maýakowskiniň öz eli bilen çeken suratlary we hatlary bar.
– Maňa has-da kakamyň 1928-nji ýylda Nissa sapary baradaky maglumatlar gyzykly. Şonda maňa soňky gezek kakamy görmek nesip edipdi – diýip, Tompson aýdypdy.