Nýu-Ýork­ly bel­li aw­tor Ker­tin Sit­ten­feld “Buý­sanç we ýa­lan ynam” at­ly ro­ma­nyň tä­ze­le­nen gör­nü­şi­ni ýaz­ýar. Bu tä­sin tas­la­ma be­ýik iň­lis ro­man­çy­sy Jeýn Os­ti­niň (1775-1817) ara­dan çy­kan gü­nü­niň 200 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. Çün­ki iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan ese­riň aja­ýyp pi­kir­le­ri­ne dü­şün­mek­de hä­zir­ki za­man ame­ri­kan oky­jy­la­ry­na bel­li bir de­re­je­de kyn­çy­lyk dö­re­ýär.
“La­ýyk” (Eli­gib­le) diý­lip at­lan­dy­ryl­jak bu ro­man­da­ky wa­ka­lar Ang­li­ýa­dan ABŞ-nyň Oga­ýo şta­ty­nyň Sin­sin­na­ti şä­he­ri­ne geç­ýär. Do­gan­lar Ben­net tä­ze hü­när öw­ren­ýär­ler. Liz žur­na­lyň re­dak­to­ry bol­ýar, Jeýn ýo­ga bo­ýun­ça hü­när­men, Kit­ti we Li­di­ýa bol­sa, Kross­fi­ta­nyň muşdaklary­na öw­rül­ýär­ler, Me­ri bol­sa, özü­ni bü­tin­leý yl­ma ba­gyş­la­ýar. Ýö­ne ro­ma­nyň öze­ni üýt­ge­dil­mez.
Ro­ma­nyň aw­to­ry Ker­tin Sit­ten­feld: – Il­kin­ji ge­zek 16 ýa­şym­da okan “Buý­sanç we ýa­lan ynam” ro­ma­ny­ny ju­da go­wy gör­ýä­rin. Men bu eser­de dür­li paý­has­ly pi­kir­le­riň üs­tün­den bar­ýa­ryn we olar dür­li eme­le ge­len kyn ýag­daý­lar­dan ma­ňa baş alyp çyk­mak­da ýar­dam ber­ýär­ler – di­ýip aýd­ýar. Ta­sla­ma­nyň çäk­le­rin­de Jeýn Os­ti­niň iň meş­hur beý­le­ki bäş ro­ma­ny­nyň tä­ze­le­nen gör­nü­şi ýa­zy­lar. Hä­zir­ki wagt­da gu­ra­ma­çy­lar bu jo­gap­kär­çi­lik­li işiň höt­de­sin­den gel­jek ýa­zy­jy­la­ry göz­le­ýär­ler.