Türkiýäniň täze möhlete girişýän Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 3-nji iýunda parlamentde kasam kabul edensoň, ýurduň täze hökümetiniň düzümini mälim eder. Bu barada Türkiýäniň prezidentiniň diwanynyň aragatnaşyk bölüminiň başlygy Fahrettin Altun habar berdi.
Fahrettin Altunyň tassyklamagyna görä, Ärdoganyň kasam kabul ediş dabarasy parlamentde geçiriler. Mundan başga-da, täze möhlete gaýtadan saýlanan Türkiýäniň Prezidenti, kasam kabul ediş dabarasyna gelen daşary ýurtly ýolbaşçylary we wekilleri kabul eder. Şol gün agşam, Prezident täze hökümetiň düzümini yglan eder.
Türkiýäniň Merkezi saýlaw topary 28-nji maýda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji netijelerini mälim etdi. Saýlawyň netijelerine görä, Ärdogan 52,18% ses alyp, gaýtadan saýlanan döwlet Baştutany diýlip ykrar edildi, bäsdeşi, Kemal Gylyçdaroglu bolsa, 47,82% sese eýe boldy.