1-nji iýun­da Il­çi M.Ça­ry­ýe­wiň Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy­nyň (HSB) Baş sek­re­ta­ry Dmit­riý Ker­kent­zes bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da, Il­çi onuň bu gu­ra­ma Türk­me­nis­ta­nyň We­ki­li hök­mün­de ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da M.Ça­ry­ýew Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy­nyň hal­ka­ra ser­gi­le­ri gu­ra­mak we ut­gaş­dyr­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan bi­len HSB-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Il­çi HSB Türk­me­nis­tan­da mil­li we hal­ka­ra ser­gi­le­ri, fo­rum­la­ry we ýar­mar­ka­la­ry ge­çir­mä­ge, şeý­le hem mas­la­hat be­riş hyz­mat­la­ry­ny we teh­ni­ki se­mi­nar­la­ry ge­çir­mä­ge ber­ýän gol­da­wy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Öz ge­ze­gin­de HSB-nyň Baş sek­re­ta­ry D.Ker­kent­zes, Il­çi­ni bu we­zi­pä bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy we işin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di, HSB bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da soň­ky ýyl­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­di we Gu­ra­ma­nyň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne ýet­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm go­şan­dy­ny nyg­ta­dy.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň HSB-iň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ra­lan äh­li hal­ka­ra çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny, bu ýer­de se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, ener­ge­ti­ka, ulag, sy­ýa­hat­çy­lyk we me­de­ni­ýet ýa­ly dür­li ugur­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, As­ta­na­da, Mi­lan­da, Pe­kin­de we Du­baý­da gur­na­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wi­li­on­la­ry­nyň iň baý we owa­dan meý­dan­ça­la­ryň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy we Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek EXPO-2025 Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wi­lio­ny­nyň şow­ly bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.