Halkara energiýa Agentligi üstümizdäki ýylda dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalarynyň önümçilik kuwwatynyň iki 30 göterimden gowrak artjakdygyny mälim etdi. Çaklamalara görä, Ýer ýüzünde arassa çeşmelerden energiýa öndürýän täze guruljak desgalaryň umumy önümçilik kuwwaty 440 müň MW-dan geçer. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 30 göterim, 2019-njy ýyldakydan iki esseden köp artyş diýmegi aňladýar. Agentligiň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa bazary” atly maglumatnamasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşinde ýel we Gün beketleriniň paýy uly bolar. Artyşyň 65 göterimi Gün beketlerine degişli bolar. Bu ýyl ýel beketleriniň gurluşygy hem artar. Ýylyň dowamynda gury ýerde guruljak ýel beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty geçen ýyldaky artyşdan 70 göterim ýokary bolup, 107 müň MW-a ýeter. Şeýlelikde, ýel energiýasy täze guruljak gaýtadan dikeldilýän energiýa beketleriniň önümçiliginiň 28 göterimlik paýyna eýe bolar. Beýleki energiýa çeşmelerinden peýdalanýan beketleriň umumy paýy 7 göterim bolar.
Maglumatnamada käbir çylşyrymly taslamalaryň durmuşa geçirilen ýagdaýynda, bu ýylky ösüşiň 500 müň MW-a ýetip biljekdigi mälim edildi.
Agentligiň başlygy Fatih Birol maglumatnama barada aýdan sözünde şu ýyl işe giriziljek gaýtadan dikeldilýän desgalaryň önümçilik kuwwatynyň Germaniýanyň we Ispaniýanyň umumy öndürýän energiýasyndan hem köp boljakdygyny mälim etdi.
Orazmyrat Berkeliýew, Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.