Ispaniýanyň wise-çempiony Real Madrid topary 4 oýunçysyny klubdan ugratdy. La Liganyň çäginde 38-nji tapgyrda öz meýdançasynda Atletik Bilbao bilen 1-1 deňme-deň oýnan Real Madrid kluby topardan gidýän ýyldyzlary bilen hoşlaşdy. Karim Benzema, Edin Hazar, Marko Asensio hem-de Mariano Diaz dagynyň klubdan gitjekdigi mälim edildi.

Fransiýaly hüjümçi Real Madride 2009-njy ýylda gelipdi. 14 ýylda 24 kubok gazanan Benzema madridlileriň düzüminde 648 oýunda 354 gol geçirdi. Toparyň iň netijeli 2-nji futbolçysy bolan 35 ýaşyndaky Benzemanyň arap klubuna transfer boljakdygy bellenilýär. Benzema toparynyň soňky duşuşygynda hasaby deňlän goly geçirip, Real Madrid topary bilen golly hoşlaşdy.

2014-nji ýylda Malýorkadan Real Madridiň düzümine goşulan 27 ýaşyndaky Marko Asensio şertnamasy tamamlanýandygy üçin klubdan gidýär. Has takygy, täze şertnama baglaşmak islemedik sagy gyraky wingeriň PSŽ bilen ylalaşandygy bellenilýär. Real Madridde oýnan 7 möwsüminde 286 duşuşykda 61 gezek tapawutlanan Asensio 16 kubogy asmana göterdi.

Futbol taryhynyň iň şowsuz transferlerinden diýlip görkezilýän belgiýaly Edin Hazar hem Real Madrid bilen hoşlaşanlaryň biri bolup, ol 2019-njy ýylyň tomsunda 100 million ýewro ispan klubuna geçipdi. 4 möwsümde şikesi sebäpli birnäçe duşuşykda çykyş edip bilmedik Hazar umumylykda 76 oýunda 7 pökgi geçirdi. Real Madridiň taryhyndaky iň şowsuz transfer hem bolsa ol ispan klubundan 6 kubok bilen gidýär.

Aglaba ätiýaçda oturan 29 ýaşyndaky hüjümçi Mariano Diaz hem klubdan gidýänleriň hatarynda Real Madridiň ýaşlar düzüminde kemala gelen Dominikan Respublikasynyň oýunçysy 6 möwsüm Realyň düzüminde oýnady. 2 möwsümi Lionyň düzüminde kärendesine geçiren Diaz Real Madridde umumylykda 84 duşuşykda 12 gezek tapawutlandy.