Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi hem-de häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz ylymly ýaşlaryň döwletimiziň kuwwatly güýjüdigini, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidigini, türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidigini we baky dowamatydygyny nygtaýar. Hut şonuň üçin hem täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünär başarnygy bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir.
Şu ýyl hem Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzda ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy-barlag işlerine gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak, önümçilik işine çekmek, ýaş alymlaryň ylmy-barlag merkezlerinde alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmagyna ýardam bermek maksady bilen birnäçe maslahatlar, taslama sergileri, bäsleşikler we dürli çäreler geçiriler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ylma we döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly nesiller hökmünde kemala gelmegi üçin uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, milli ýörelgelere hormat goýýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň ýetişmegi we olaryň sazlaşykly ösmegi, terbiýelenmegi, ylym-bilim almagy, hünär kämilligine eýe bolmagy babatynda giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklaryna, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Sylapberdi NURGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw bölüminiň esasy hünärmeni.