Dört gün­lük iş hep­de­si ýo­la go­ýul­dy

69

Por­tu­ga­li­ýa­da sy­nag mak­sa­dy bi­len 4 gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çi­len­di­gi­ mä­lim e­dildi. Bu sy­nag ýurt­da­ky 100 tö­we­re­gi eda­ra-kär­ha­na­da we kom­pa­ni­ýa­da ýo­la go­ýul­dy. Iş, so­si­al üp­jün­çi­lik we raý­daş­lyk mi­nist­ri Ana Men­des Go­din­ho 5-nji iýun­dan güý­je gi­ren ka­ra­ra gö­rä, bel­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da meý­le­tin ýag­daý­da gat­naş­mak is­le­ýän iş­gär­le­riň dört gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çen­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Mi­nist­riň söz­le­ri­ne gö­rä, iş­gär­le­riň zäh­met hak­la­ry üýt­ge­dil­mez. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, hep­de­lik iş wag­ty 40 sa­gat­dan 32 sa­ga­da düşürildi. Bu sy­nag mak­sat­na­ma­sy üçin je­mi 350 müň ýew­ro sarp edil­jek­di­gi we pul se­riş­de­si­niň Iş we hü­när bi­li­mi ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­jek­di­gi ha­bar be­ril­di.
Sy­na­ga gat­naş­ýan kom­pa­ni­ýa­lar bu düz­gü­ne ge­çil­mez­den öň­ki, ge­çi­len wag­tyn­da­ky we ta­mam­la­nan­dan soň­ky iş be­ri­ji­niň we iş­gä­riň ne­ti­je­li­li­gi, çyk­da­jy­lar we iş­gä­riň ra­hat­ly­gy­na tä­si­ri ýa­ly ugur­lar­da mag­lu­mat taý­ýar­lap, mi­nistr­li­ge hö­dür­lär.
Ýur­duň hä­ki­mi­ýet­le­ri bu sy­na­ga gat­naş­ma­ga meý­le­tin is­leg bil­di­ren kom­pa­ni­ýa­la­ra we iş­gär­le­re hiç hil­li ýe­ňil­lik ýa-da ar­tyk­maç­lyk dö­ret­me­ýär.
Ýew­ro­pa­da, esa­san hem, pan­de­mi­ýa­dan soň­ra hep­de­lik dört gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çi­lip­di. Şeý­le düz­gü­ne il­ki bi­len 2022-nji ýyl­da Bel­gi­ýa ge­çip­di. Ang­li­ýa, Şwe­si­ýa, Finl­ýan­di­ýa we Is­lan­di­ýa ýa­ly ýurt­lar­da hem şeý­le düz­gün sy­nag mak­sat­ly ýo­la goý­lup­dy. Is­pa­ni­ýa­da hem şu ýy­lyň ba­şyn­da 41 se­na­gat kom­pa­ni­ýa­sy hep­de­lik dört gün­lük iş düz­gü­ni­ne ge­çip­di. Is­pa­ni­ýa­da bu düz­gü­ne geç­mek is­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ra hö­kü­met ta­ra­pyn­dan 200 müň ýew­ro çen­li ma­li­ýe gol­da­wy be­ril­ýär.

Gül­je­ren IŞAN­GU­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.