Portugaliýada synag maksady bilen 4 günlük iş hepdesine geçilendigi mälim edildi. Bu synag ýurtdaky 100 töweregi edara-kärhanada we kompaniýada ýola goýuldy. Iş, sosial üpjünçilik we raýdaşlyk ministri Ana Mendes Godinho 5-nji iýundan güýje giren karara görä, belli edara-kärhanalarda meýletin ýagdaýda gatnaşmak isleýän işgärleriň dört günlük iş hepdesine geçendiklerini mälim etdi. Ministriň sözlerine görä, işgärleriň zähmet haklary üýtgedilmez. Täze düzgüne görä, hepdelik iş wagty 40 sagatdan 32 sagada düşürildi. Bu synag maksatnamasy üçin jemi 350 müň ýewro sarp ediljekdigi we pul serişdesiniň Iş we hünär bilimi instituty tarapyndan üpjün ediljekdigi habar berildi.
Synaga gatnaşýan kompaniýalar bu düzgüne geçilmezden öňki, geçilen wagtyndaky we tamamlanandan soňky iş berijiniň we işgäriň netijeliligi, çykdajylar we işgäriň rahatlygyna täsiri ýaly ugurlarda maglumat taýýarlap, ministrlige hödürlär.
Ýurduň häkimiýetleri bu synaga gatnaşmaga meýletin isleg bildiren kompaniýalara we işgärlere hiç hilli ýeňillik ýa-da artykmaçlyk döretmeýär.
Ýewropada, esasan hem, pandemiýadan soňra hepdelik dört günlük iş hepdesine geçilipdi. Şeýle düzgüne ilki bilen 2022-nji ýylda Belgiýa geçipdi. Angliýa, Şwesiýa, Finlýandiýa we Islandiýa ýaly ýurtlarda hem şeýle düzgün synag maksatly ýola goýlupdy. Ispaniýada hem şu ýylyň başynda 41 senagat kompaniýasy hepdelik dört günlük iş düzgünine geçipdi. Ispaniýada bu düzgüne geçmek isleýän kompaniýalara hökümet tarapyndan 200 müň ýewro çenli maliýe goldawy berilýär.
Güljeren IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









