Ýüz ýyl ozal Angliýada gara damarly ak kebelekler nesli gutaran jandarlaryň sanawyna girizilipdi. Emma Londonyň golaýyndaky otluk ýerlerde bu kebelek gaýtadan peýda boldy. Tebigaty öwreniji Frank Gardner kebelegiň bu görnüşiniň täzeden peýda bolmagynyň garaşylmadyk täzelikdigini belleýär. Ýöne köp adam bu kebelekleri kelem kebelegi atly, tomus aýlarynda ýüze çykýan ak kebelekdir öýdýär.
Täze peýda bolan kebelek 1660-1685-nji ýyllar aralygynda höküm süren Karl II döwründe Angliýadaky kebelek görnüşleriniň sanawyna ilkinji gezek girizildi. 1925-nji ýylda bolsa onuň dolulygyna ýitip gidendigi mälim edildi.
Häzir bolsa bu kebelekler Londonyň golaýynda, iň halaýan ýerleri bolan ýemşen (tikenli gyrymsy agaç) we tikenli garaly (benewşe miweli gyrymsy agaç) agaçlarynyň arasynda uçuşyp ýörler. Bu kebelekleriň ganatynda gara damarlary bolýar.
Angliýada kebelekleri öwrenýän «Butterfly Conservation» atly jemgyýetiň wekilleri bu kebelegiň tebigata gaýtadan goýberilen bolmagynyň mümkindigini belleýär hem-de munuň gowy täzelikdigini, emma ýitip giden jandaryň gaýtadan peýda bolmagynyň mümkin däldigine ünsi çekýärler.
Leýli ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









