Oýun­jak şar. Içi­ne ho­wa goý­be­ri­len dür­li ji­sim­ler has ir­ki dö­wür­ler­de peý­da­la­ny­lyp­dyr. Il­ki­baş­da, ma­lyň içe­ge­si, de­ri­si we ho­wa ge­çir­me­ýän ma­ta­lar içi­ne ho­wa goý­be­ri­lip ula­ny­lyp­dyr. Uç­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len il­kin­ji şar uçar­dan has ir – 1783-nji ýyl­da uçu­ryl­ýar. Şol ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­da Pa­ri­žiň ete­gin­dä­ki La-Mýuett di­ýen ýer­de Žo­zef-Mi­şel Mon­golf­ýe (1740-1810ýý.) we Žak-Et­ýenn Mon­golf­ýe (1745-1799ýý.) at­ly iki do­gan il­kin­ji ho­wa şa­ry­ny uçur­ýar­lar. Bu uçu­şa Žan-Fran­sua Pi­latr de Roz­ýe at­ly hi­mik hem-de Fran­sua Lo­ran d’Ar­land at­ly har­by gul­luk­çy ýar­dam ber­ýär. Bu uçuş ada­myň ho­wa gä­mi­sin­dä­ki il­kin­ji uçu­şy ha­sap­lan­ýar. Ho­wa şa­ry şä­he­riň üs­tün­de 25 mi­nut çe­me­si uçup, 9 ki­lo­metr uzaklyk­da­ky Býut-o-Kaý at­ly ýe­re gon­ýar. Ho­wa gä­mi­si 900 metr­den gow­rak be­ýik­li­ge gal­ýar. Do­gan­lar 1782-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bu oý­lap ta­pyş­la­ry­ny gör­kez­mek üçin Wer­sal köş­gü­ne ça­gy­ryl­ýar. Ýur­duň pa­ty­şa­sy Lýu­do­wik XVI we Şa ze­na­ny Ma­ri­ýa-An­tua­net­ta tä­sin en­ja­myň ta­nyş­dy­ry­ly­şy­na şa­ýat­lyk ed­ýär­ler. Bu da­ba­ra bel­li alym, köp oý­lap ta­py­şyň aw­to­ry, döw­let iş­gä­ri Ben­ja­min Frank­lin hem gat­naş­ýar. Ho­wa şa­ry­nyň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­nyň «ýo­lag­çy­la­ry» gu­zu­dan, ör­dek­den we ho­raz­dan yba­rat bol­ýar. Bu uçuş 8 mi­nut do­wam ed­ýär we 460 metr be­len­de gal­ýar. Ho­wa şa­ry­nyň ody sö­nen­den soň­ra, onuň için­dä­ki ho­wa so­wap, 3,2 ki­lo­metr uzak­ly­ga gon­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik zat gy­za­nyn­da onuň göw­rü­mi gi­ňe­ýär we mas­sa­sy ýeň­le­ýär. Bu ýag­daý gaz­la­ra hem de­giş­li bo­lup, ho­wa hem gy­zan ýag­da­ýyn­da ýeň­le­ýär. Şeý­le bo­lan­soň için­de at­mos­fe­ra­da­ky ho­wa­dan has ýe­ňil gaz bo­lan is­len­dik şar ýo­ka­ryk gal­ýar. Adat­ça ho­wa gö­te­ril­ýän şar­lar ge­liý, wo­do­rod ýa­ly ýe­ňil gaz­lar bi­len dol­du­ryl­ýar. Şar­lar te­bi­gy we sin­te­tik kau­çuk, la­teks ýa­ly çe­ýe ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ril­ýär. Il­kin­ji kau­çuk şa­ry 1824-nji ýyl­da iň­lis aly­my Maýkl Fa­ra­deý (1791-1867 ýý.) oý­lap tap­ýar. Fa­ra­de­ýiň oý­lap ta­pan şa­ry hä­zir­ki wagt­da ça­ga­la­ryň oý­na­ma­gy üçin niýetlenen, be­zeg we sow­gat­lyk taý­ýar­lan­ýan şar­la­ra meň­zeş bol­ýar. Alym di­ňe fi­zi­ka däl, hi­mi­ýa de­giş­li açyş­la­ryň hem aw­to­ry­dyr. Şol bir wag­tyň özün­de pe­da­gog bo­lan Fa­ra­deý wo­do­rod bi­len bag­ly tej­ri­be­le­ri ge­çir­ýän wag­ty il­kin­ji re­zin şa­ry oý­lap tap­ýar. Ol iki bö­lek kau­çu­gy bir­leş­di­rip, tor­ba ýa­sap­dyr we wo­do­rod bi­len çi­şi­rip­dir. Şa­ryň il­kin­ji nus­ga­sy aly­ma bu ga­zyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry we Ýe­riň dar­tyş güý­ji ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Şon­dan soň­ra şa­ryň söw­da mak­sat­ly önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­ýar.