Ys­sy ho­wa­da iň ha­lan­ýan ta­gam­la­ryň bi­ri hem doň­dur­ma ha­sap­lan­ýar. Doň­dur­ma iý­me­gi ha­la­ma­ýan ça­ga bar­my­ka?! Eý­sem, siz öý­de doň­dur­ma taý­ýar­lap bol­ýan­dy­gy­ny bil­ýä­ňizmi? Ge­liň, bu süý­ji ta­ga­my taý­ýar­la­ma­gy öw­re­ne­liň!
Ge­rek­li zat­lar:
1 kä­se süýt
1 çaý çem­çe­si mi­we pü­re­si ýa-da is­le­ge gö­rä to­şap
1 çaý çem­çe­si şe­ker
1 çaý çem­çe­si wa­nil­ýa, buz bölejikleri
2 sa­ny so­wa­dy­jy tor­ba­sy (bi­ri uly bi­ri ki­çi)
Nä­hi­li taý­ýar­la­ma­ly?
Uly tor­ba­ny ýa­ry­sy­na çen­li buz bö­le­jik­le­ri bi­len dol­du­ryň!
Ki­çi tor­ba süýt, mi­we pü­re­sini, to­şap we şe­ke­ri go­şup, mazaly ga­ryň!
Ki­çi tor­ba­nyň ag­zy­ny mä­käm ýa­pyp, buz­ly tor­ban­yň içi­ne sa­lyp, ag­zy­ny ýa­pyň! Uly tor­ba­nyň için­de bi­raz boş ýer goý­ma­gy unut­maň!
Bir-bi­ri­niň içi­ne sal­nan tor­ba­ny 10 mi­nut­lap çaý­kaň! Şeý­le usul ar­ka­ly bir wagt­da bir­den köp (öý­dä­ki adam sa­ny­na gö­rä) tor­ba­ny hem taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz.
Okuw ki­tap­la­ryn­dan mä­lim bol­şy ýa­ly, suw de­ňiz de­re­je­sin­de 1 at­mos­fe­ra ba­syş­da nol derejede doň­ýar. Su­wuň içi­ne go­şul­ýan beý­le­ki mad­da­lar su­wuň doň­mak de­re­je­si­ni pe­seld­ýär. Tor­ba­ny çaý­ka­ny­ňyz­da, ki­çi tor­ba­da­ky süýt­li ga­ryn­dy­nyň ýy­ly­ly­gy uly tor­ba­da­ky bu­za geç­ýär. Ne­ti­je­de, ga­ryn­dy­nyň ýylylygy pe­se­lip, doň­ýar. Şeý­le­lik­de, doň­dur­ma hem taý­ýar bol­ýar. Buz bö­lek­le­ri bol­sa süýt ga­ryn­dy­syn­da­ky ýy­ly­ly­gy özü­ne çe­ken­di­gi üçin ere­ýär.
Bu doň­dur­ma taý­ýar­la­nan­da su­wuň (ýa-da baş­ga bir su­wuk­ly­gyň) su­wuk we ga­ty ha­ly­ny hem gör­ýä­ris.
Iş­dä­ňiz açyk bol­sun!