Adamlar köplenç syýahatçylyk barada pikir edenlerinde owadan binalary, seýilgähleri, tebigatdaky ajaýyp ýerleri göz öňüne getirýärler. Şeýle-de bolsa, tä irki döwürlerden häzirki günlere çenli gurlan täsin inženerçilik desgalary hem syýahatçylary özüne çekýär. Beýik Hytaý diwary, Giza piramidalary ýaly täsin desgalar birnäçe asyrdan bäri syýahatçylaryň gelim-gidimli ýeri bolmagynda galýar. Adamzat zehininiň, döredijiliginiň we başarnygynyň ösmegi has çylşyrymly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Gazetimiziň şu sanynda sizi dünýädäki täsin inženerçilik desgasy hasaplanýan, Ýewropanyň gury ýer bölegi bilen Angliýany birikdirýän «Ýewrotunnel» suwasty geçelgesi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Bu demir ýol ötügi Ýewropanyň gury ýer bölegini Manş bogazynyň (Iňlis kanaly hem diýilýär) aşagyndan Angliýa bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçylar bu ýol arkaly uzaklygy 470 kilometrden gowrak bolan Parižden Londona bary-ýogy iki sagatdan gowrak wagtda baryp bilýärler. Suwasty geçelgäniň uzynlygy 50 kilometrden gowrak bolup, suwuň aşagyndan geçýän böleginiň uzynlygy 38 kilometre ýetýär. Betondan gurlan üç tunnelden ybarat bolan geçelgäniň birinji we ikinji tunnelinde gatnaw amala aşyrylyp, üçünji bölegi howpsuzlyk hem-de geçelgäniň tehniki gözegçiligini amala aşyrmaga niýetlenipdir. Tunnelde 160 kilometr sagat tizlik bilen hereket edýän ýolagçy we ýük otlulary ýeriň 75 metr aşagyndan bary-ýogy 35 minutda tunneli kesip geçýär.
Angliýa bilen Fransiýany birleşdirmek baradaky pikir has irki döwürlerde, XIX asyryň başlarynda orta atylypdyr. 1802-nji ýylda fransuz inženeri Albert Matýe entek awtoulagyň we otlynyň oýlanyp tapylmadyk döwründe tunneliň taslamasyny hödürleýär. Onuň taslamasyna görä, deňziň aşagyndan at arabalary we beýleki ulaglar üçin ýerasty geçelge gurulmalydy. Belli aralyklarda bolsa ujy suwdan ýokarda bolan «tüsseçykarlar» goýlup, geçelge arassa howa bilen üpjün edilmelidi. Tunnel şemler bilen ýagtylandyrylmalydy. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin «Channel Tunnel Company» atly kompaniýa dürli synaglary geçirýär.
1856-njy ýylda Tome de Gamond atly başga bir fransuz inženeri demir ýol geçelgesini gurmagy teklip edýär. Bu teklibi fransuzlar oňlasa-da, iňlisler ikirjiňlenýär. 1872-nji ýylda Gamond bu meseläni iňlis inženeri Peter Barlow bilen maslahatlaşýar. Netijede, bu teklip iki ýurduň parlamentinde kabul edilýär.
1881-nji ýylda deňziň iki ýakasynda geologik barlaglar geçirilip başlanýar. 1883-nji ýylyň mart aýyna çenli Angliýa tarapynda Duwr şäherinde 2026 metr, Fransiýa tarapynda Sangatt şäherinde 1829 metr tunnel gazylýar. Şondan soňra taslama togtadylýar. 1922-nji ýylda Angliýanyň Folkston şäherinden aýratyn tunnel gazylyp başlanýar. Emma bu başlangyç hem uzaga çekmeýär.
Geçen asyryň ikinji ýarymyndan soňra tunnel gurmak teklibi gaýtadan orta atylýar. 1957-nji ýylda ylmy-barlag topary döredilýär we 1960-njy ýylda taýýarlanan maglumatda iki esasy hem-de olaryň arasynda hyzmat ediş tunneliniň gurulmagy teklip edilýär. Bu taslama tassyklanyp, 1973-nji ýylda gurluşygyna başlanýar. Iki ýyldan soňra uzynlygy 250 metr bolan synag tunneli gurlandan soňra maliýe ýetmezçiligi sebäpli taslama togtadylýar.
1988-nji ýylda agramy 1 müň 100 tonna bolan kämil tunnel gazyjy maşyn arkaly taslamanyň gurluşygyna başlanýar. Iňlis kanalynyň düýbünden geçýän bu tunnel döwrüniň iň gymmat taslamalarynyň biri bolup, inženerler birnäçe kynçylyklary başdan geçirýärler. Dürli ýyllarda bu kanalyň üstünden asma köpri gurmak hem teklip edilýär. Emma tunneliň gurulmagy bilen bu taslama dolulygyna ýatyrylýar.
Bu taslama örän çylşyrymly bolup, alty ýyldan soňra – 1994-nji ýylyň maý aýynda açylýar. Taslamanyň bahasy häzirki hümmet hasaba alnanda, 17 milliard dollar bolupdyr. Bu tunneliň geçirijilik ukyby çäkli bolup, häzirlikçe ikinji geçelgäni gurmak barada taslama ýok. Şeýle bolansoň, otly gatnawynyň artdyrylmagy üçin täze çözgütler taýýarlanýar.
Tunnelde ýolagçy otlulary bilen bir hatarda dürli ululykdaky ulaglary gatnadýan ýörite otlular hem hereket edýär. Şeýle hem azyk, elektron enjamlar we dürli görnüşli beýleki harytlar daşalýar. Tunnele suwuň syzmagynyň we çyglylygyň artmagynyň öňüni almak üçin yzygiderli gözegçilik edilýär. Tunnelde gatnawyň artdyrylmagynyň Ýewropanyň ykdysadyýetine has köp goşant goşmagyna garaşylýar.