13-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow iş sa­pa­ry bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­ne ge­len ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry Kaý­rat Abd­rah­ma­now bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ryň man­da­ty­na de­giş­li bo­lan adam öl­çeg­le­ri ba­ba­tyn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
R.Me­re­dow soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ryň eda­ra­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny hem-de yzy­gi­der­li we ul­gam­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Bi­lim pu­da­gy hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan, 2021-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň mü­dir­li­gi­niň ara­syn­da Türk­me­nis­tan­da dil we me­de­ni köp­dür­lü­lik bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­me­gi mö­hüm ädim bol­dy.
Äht­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin Mer­ke­zi Azi­ýa­da bi­lim mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ryň eda­ra­sy bi­len iş­jeň gat­na­şy­gy do­wam et­dir­mek tek­lip edil­di, onuň dör­dün­ji tap­gy­ry şu ýy­lyň de­kab­ryn­da ta­mam­lan­ýar. Tas­la­ma bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly Mer­ke­zi Azi­ýa­da dür­li et­ni­ki jem­gy­ýet­le­riň çuň­ňur in­teg­ra­si­ýa­sy ug­run­da mö­hüm öňe­gi­diş­li­ge ýet­mä­ge kö­mek et­me­gi mak­sat edin­ýär.
Ta­rap­lar 2023-2025-nji ýyl­lar üçin bu Äht­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin Ýol kar­ta­sy­ny iş­läp düz­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.
2021-nji ýyl­da ka­bul edi­len 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň Mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň çä­gin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk ile­ri tu­tul­ýan ugur hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Ta­rap­lar şeý­le hem 15-nji iýun­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek bu ugur­da ge­çi­ril­jek te­ge­lek sto­luň gün ter­ti­bi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.