16-njy iýulda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygynyň derwaýys meselelerini, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şeýle hem durnuklylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, serhetleri dolandyrmak, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, özara baglanyşygy ösdürmek hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisde çykyş etmek bilen Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formatyna sebit döwletleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň kuwwatyny durnukly ösüşiň bähbidine birleşdirmäge, özara baglanyşygy giňeltmäge we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli mehanizm hökmünde uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Türkmenistanyň uzak möhletleýin howpsuzlygy diňe güýç ulanmak usullary arkaly üpjün etmegiň mümkin däldiginden ugur alýandygy bellenildi. Durnukly parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk binýady hökmünde syýasy-diplomatik mehanizmler, döwletleriň arasynda ynamy berkitmek, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine berk eýermek, netijeli köptaraplaýyn diplomatiýa, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy merkezi orny çykyş etmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şol sanda syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň duşuşyklaryny, şeýle hem sebit döwletleriniň howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen ÝB-niň amaly maksatnamalaryny goldaýandygy tassyklandy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça Ýörite wekili we Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Owganystan hem-de Pakistan boýunça bölüminiň müdiri Žil Bertran bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek, Owganystanyň gatnaşmagynda ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem hereket edýän mehanizmleriň, şol sanda ýörite wekilleriň geňeşmeleriniň, CADAP we BOMCA sebit maksatnamalarynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi orny esasynda halkara tagallalary utgaşdyrmagyň, şol sanda BMG-niň Doha prosesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, Owganystanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine hem-de sebit howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Saparyň çäklerinde Ahmet Gurbanowyň Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Olof Skug bilen hem duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, şol sanda ulag özara baglanyşygyny ösdürmek, Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiligini durmuşa geçirmek hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway başlangyjyny ilerletmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Energetika ulgamynda, şol sanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Mundan başga-da, taraplar bilim, hünärmenleri taýýarlamak we akademiki alyş-çalyşlary ösdürmek meselelerine garadylar. Yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtalyp, hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn ösdürmegiň özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
PDF









