13-nji iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­ti­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi hem-de gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň di­ku­ça­ry Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da­ky “Bat­ly-Ga­dam” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň bug­daý meý­da­ny­nyň ýa­ny­na gon­dy.
Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz daý­han yh­la­sy bi­len ýe­tiş­di­ri­len, gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýan bug­daý baş­la­ry­nyň tol­kun at­ýan meý­dan­la­ry­ny, şeý­le hem gal­la ora­gy­na gi­riş­mek üçin bu ýer­de ha­ta­ra dü­zü­len kom­baýn­la­ry syn­la­dy.
Şu ýyl Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­na ak bug­da­ýyň bol ha­syl ber­ýän gör­nüş­le­ri ekil­di. Gal­la ora­gy möw­sü­min­de “John Dee­re” we “Сla­as” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň hä­zir­ki za­man gal­la oru­jy kom­baýn­la­ry ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. Bu teh­ni­ka­lar gi­je-gün­diz­le­ýin ter­tip­de iş­le­di­lip, eke­ran­çy­la­ra ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Soň­ra bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Bat­ly-Ga­dam” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň eke­ran­çy­lyk meý­da­ny­nyň daý­ha­ny G.Aman­my­ra­dow bi­len söh­bet­deş bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz daý­ha­nyň iş şert­le­ri, maş­ga­la ýag­da­ýy we kä­ren­de ýe­rin­de ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän ekin­le­ri­niň gör­nü­şi hem-de gal­la meý­dan­la­ry­nyň ha­syl­ly­ly­gy bi­len gy­zyk­lan­dy.
Zäh­met­sö­ýer gal­la­çy top­ra­ga yh­las edip ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek, ýer­den bol ha­syl al­mak ug­run­da döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li ze­rur gol­daw­la­ryň be­ril­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem ol 23 ýyl­dan bä­ri daý­han­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan­dy­gy­ny, şu ýyl 25 gek­tar meý­dan­dan 112,5 ton­na bug­daý ha­sy­ly­ny al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­mi­ziň kä­ren­de­çi­le­ri ze­rur dö­kün, ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün ed­ýän­di­gi­ni, ola­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu asyl­ly işe jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­giň türk­men­le­riň öň­den gel­ýän eke­ran­çy­lyk dä­bi­di­gi bel­le­nil­di. Mu­nuň özi ösüp gel­ýän nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan daý­han­la­ryň iş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy, pu­da­ga tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy, iň esa­sy­sy bol­sa, daý­han zäh­me­ti­niň hö­wes­len­di­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň el­my­da­ma gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz daý­ha­na alyp bar­ýan iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik ar­zuw et­di we ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­na min­net­dar­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de oňa sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kä­ren­de­çi­niň ha­ýy­şy bo­ýun­ça “Bis­mil­la” di­ýip, daý­han yh­la­sy bi­len bir­kem­siz ha­syl top­lan bug­da­ýyň bir des­se­si­ni or­dy we gal­la ora­gy­na ak pa­ta ber­di hem-de bol ha­syl ön­dür­me­gi ar­zuw et­di.
Şu pur­sat­da ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ne­ti­je­li iş­le­dil­ýän kuw­wat­ly “John Dee­re” hem-de “CLA­AS” ky­sym­ly teh­ni­ka­la­ry us­sat­lyk bi­len do­lan­dyr­ýan me­ha­ni­za­tor­lar be­re­ket­li ha­sy­lyň ora­gy­na gi­riş­mä­ge taý­ýar bo­lup dur­ýar.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Bal­kan we­la­ýat Oba ho­ja­lyk önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň Gy­zy­lar­bat et­rap teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň me­ha­ni­za­to­ry S.Ödä­ýew bi­len gür­rüň­deş bo­lup, onuň iş şert­le­ri we tej­ri­be­si, maş­ga­la ýag­da­ýy, bug­daý meý­dan­la­ry­nyň ha­syl­ly­ly­gy bi­len gy­zyk­lan­dy.
Me­ha­ni­za­tor döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowa ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, döw­re­bap teh­ni­ka­lar, oba ho­ja­lyk gu­ral­la­ry bi­len üp­jün et­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry, ne­ti­je­li iş­le­mek hem-de ýe­tiş­di­ri­len bol bug­daý ha­sy­ly­ny çalt we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak üçin dö­re­dil­ýän amat­ly şert­ler üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň oba­se­na­gat top­lu­myn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň iri önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň hä­zir­ki za­man oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy daý­han­la­ra ekiş möw­sü­mi­ni gys­ga möh­let­de ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ugur­da gö­rül­ýän çä­re­ler yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bo­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz çek­ýän asyl­ly zäh­me­ti­ne min­net­dar­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de me­ha­ni­za­to­ra öz sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la ora­gy­na gi­ri­şen kom­baýn­la­ryň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni syn­la­dy. Gal­la meý­dan­la­ry­nyň aňyr­sy­na göz ýet­me­ýän gi­ňiş­li­gi daý­han­la­ry­my­zyň şu ýyl­ky yh­la­sy­nyň ýe­ri­ne dü­şen­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Al­tyn­sow baş­la­ry­ny şe­ma­la yg­şyl­da­dyp otu­ran gal­la meý­dan­la­ry hal­ky­my­zyň sa­ça­gy­nyň eg­sil­mez be­re­ke­di­niň ny­şa­ny bo­lup gö­rün­ýär.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­ly­gyn­da ne­ti­je­li iş alyp bar­ýan “Bat­ly-Ga­dam” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy A.Aman­mäm­me­dow bi­len söh­bet­deş bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki dö­wür­de oba­se­na­gat top­lu­my­na hu­su­sy­ýet­çi­li­giň iş­jeň çe­kil­me­gi ne­ti­je­sin­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry­nyň art­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di we te­le­ke­çi­le­riň iş ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ola­ra döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ze­rur gol­daw­la­ryň yzy­gi­der­li be­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Te­le­ke­çi oba ho­ja­ly­gyn­da iş­le­ýän hu­su­sy ul­ga­myň we­kil­le­ri­niň adyn­dan bu ul­ga­my ös­dür­mä­ge ber­ýän ün­si hem-de türk­men işe­wür­le­ri­ne uly gol­da­wy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.