Dünýä Kubogyna wekilçilik edip, toparçadan çykan Afrikanyň başga bir wekili Kot-d’Iwuaryň hem ýygyndysynyň tälimçisi täzelendi. Ýagny ýerli hünärmen Emerse Faeniň ornuna fransiýaly Erw Renar Kot-d’Iwuaryň täze tälimçisi boldy. 57 ýaşyndaky Renar 2-nji gezek bu wezipä bellenip, ol 2014-15-nji ýyllarda-da Kot-d’Iwuaryň milli toparyny türgenleşdiripdi. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Erw Renaryň 2026-njy ýyldaky türgenleşdirjek 3-nji milli topary bolar. Ol 2024-nji ýylyň oktýabryndan şu ýylyň apreline çenli Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolupdy. Soňra Dünýä Kubogynyň geçirilýän döwründe 1-nji oýunda uly hasap bilen utulan Tunisiň milli ýygyndysynda wezipesinden boşadylan Sabri Lamuşiniň ornuna geçdi. Çempionat tamamlanandan soňam Tunisdäki wezipesini taşlan Renar häzirki ýerine bellendi.
Tälimçilik karýerasyna 2004-nji ýylda “Kembrij Ýunaýtedde” başlan Erw Renar Fransiýada “Şerbur” klubuny, soňra Zambiýanyň, Angolanyň ýygyndylaryny, Alžiriň “USM Alžer” toparyny, Fransiýada “Soşo” klubuny, Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyny, ýene Fransiýada “Lill”, “Monako” klublaryny, Marokkonyň, Saud Arabystanynyň, Fransiýanyň zenanlar ýygyndylaryny, täzeden Saud Arabystanynyň, Tunisiň milli toparlaryny türgenleşdirdi.
Ol 2012-nji ýylda Zambiýany, 2015-nji ýylda-da Kot-d’Iwuary Afrikanyň çempiony edipdi.
PDF








