Niderlandlaryň çempionaty «Eredivisie»-ni 2-nji orunda tamamlan PSW toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Eýndhowen şäheriniň wekili Peter Bosy toparyň täze tälimçisi edip belledi. 59 ýaşyndaky hünärmen PSW bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen ýylyň oktýabryndan bäri hiç biri klubda işlemeýän Bos mundan öň PSW-niň esasy bäsdeşlerinden «Aýaksa», şol sanda «Bundesliganyň» «Borussiýa Dortmund», «Baýer» klublaryna tälim beripdi. Ol soňky gezek Lion toparynyň tälimçisi bolupdy. PSW toparyna geçen möwsümde Ruud Wan Nistelrooý tälim beripdi. Ol topara Niderlandlaryň Kubogyny hem-de Super Kubogyny gazandyrypdy. Ozalky meşhur futbolçy toparyň ýolbaşçylary bilen düşünişmezlik sebäpli wezipesinden gidipdi.