Tomus paslynyň iň meşhur miweleriniň biri bolan ananas süýji şireli tagamy bilen tanalýar. Tropik miwäniň bu görnüşinde adam saglygy üçin möhüm bolan witaminler we mikroelementler saklanýar. Düzüminde az mukdarda ýag we belok saklaýan ananas uglewoda hem-de süýüme baý miwe hasaplanýar. Az kaloriýaly bu miwe adam bedenini ýeterlik derejede C witamini, marganes, magniý we folat bilen üpjün edýär. Bilermenler ananasyň peýdasy barada şeýle belleýärler:
Iýmit siňdirişe peýdaly. Ananas iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýän miwe hasaplanýar. Ananasyň miwesinde we baldagynda saklanýan bromelain atly ferment aşgazan-içege ulgamynyň işi üçin peýdaly bolup, kabul edilen iýmitlerdäki şekeriň siňdirilmegini gijikdirýär. Bu bolsa gandaky şekeriň kadaly saklanmagyna we iýmitden alynýan energiýa derejesiniň durnukly bolmagyna kömek edýär.
Artritiň bejergisine kömek edýär. Bilermenler bogunlardaky agyryny we çişleri bejermekde ananasyň peýdasynyň bardygyny belleýärler. Bu miwäniň düzümindäki bromelain bogunlardaky ynjalyksyzlygy we agyryny azaltmaga ýardam edýär. Geçirilen barlaglarda ananas iýmek arkaly 6 hepdeden soň artritden ejir çekýänlerde agyrynyň aýrylandygy ýüze çykaryldy.
C witaminiň çeşmesi. Köp adam bedeninde C witamiň ýeterlik derejede bolmagy üçin apelsin ýa-da narynç miweleri iýýär. Emma ananas bu miwelere görä C witamine has baý bolup, bedeni ýeterlik derejede antioksidantlar bilen üpjün edýär. Bir käse ananas şiresinde 69 milligram C witamini saklanýar.
Immuniteti güýçlendirýär. Ananasyň düzümindäki witaminlerdir ýokumly maddalar bedeniň sowuklama ýa-da beýleki kesellere garşy göreşmegine kömek edýär. Bu miwe üsgülewügi bejermekde hem peýdaly hasaplanýar. Ananasda witaminler we minerallar bilen bir hatarda suwuň köp mukdarda saklanmagy aşa köp iýmegiň öňüni alýar. Bu bolsa immuniteti sagdyn saklamaga ýardam edýär. Bir käse ananasda bary-ýogy 82 kaloriýa, 1 gramdan az ýag, 2 gram süýüm we 16 gram fruktoza bar.
Antioksidantlardan doly. Ananas bromelain, marganes we C witaminden başga-da, flawonoidlere (tebigy madda) baýdyr. Ananasdaky antioksidant çişmä, wiruslara we strese garşy göreşýän madda bolup, beýleki gök önümlerdäki antioksidantlardan has uzak wagtlap saklanýandygy bilen tapawutlanýar.
Marganese baý iýmit. Marganes süňke peýdaly, gandaky şekeri kadalaşdyrmaga we keselleriň öňüni almaga kömek edýän mikroelementdir. Bir käse ananasda 1,5 milligram marganesiň bardygyny göz öňünde tutmak bilen bu miwäni iýmek arkaly marganes ýetmezçiligini dolup bolýar. Marganes kesel töwekgelçiliklerini azaltmaga kömek edýän güýçli antioksidant hasaplanýar. Marganesiň maslahat berilýän gündelik mukdary 2,3 milligrama deňdir.
B witaminleriň toplumy. Ananas tiamin, niasin, B6 we folat ýaly B witaminine degişli birnäçe maddalary özünde jemleýär. Bu ýokumly maddalar kabul edilen iýmitden gaýtadan energiýa işlemäge kömek edýär. Şeýle hem içki beden agzalaryna we dokumalara kislorod iberýän gyzyl öýjükleri emele getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Kosta-Rika, Filippinler, Niderlandlar, ABŞ, Belgiýa we Ekwador bu miwäni eksport ediji esasy ýurtlar bolup, dünýäde her ýyl 30 million tonna ananas öndürilýär. Ananas daşy teňňe şekilli gabygy arassalanandan soň, halka görnüşli dilimlere ýa-da böleklere bölünip iýilýär. Bu miwe terligine, gaplanan hem-de dilimlenip doňdurylan görnüşinde hem müşderilere hödürlenýär.