Tomus paslynda Maldiwleriň «Vaadhoo» adasynda tebigatda seýrek duş gelýän hadysany synlap bolýar. Göz öňüne getiriň, ýalpyldawuk tolkunly deňziň kenaryndan ýöräp barýarsyňyz. Kenara gelip urýan ýyldyzlardan düzülen tolkunlar özüňizi edil ýyldyzlaryň arasynda ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. «Ýyldyzlar deňzi» diýlip atlandyrylýan «Vaadhoo»-nyň kenarlarynda döreýän bu hadysa suwdaky mikroorganizmleriň kislorod bilen täsirleşmegi esasynda emele gelýär. Bu mikroorganizmlere «fitoplankton» diýilýär. Bioluminesensiýa (janly organizm tarapyndan ýagtylygyň öndürilmegi we ýaýramagy) döredýän kiçijik deňiz jandarlary ýüzüp barýarka töweregine elektrik impulsyny iberýärler. Impulsyň netijesinde belogy işjeňleşdirýän himiki täsirleşme döreýär. Himiki täsirleşmäniň kislorod bilen sürtülmegi netijesinde neon (gök çyra) emele gelýär. Bu hadysa kiçijik mikroorganizmleriň kenara gelip kislorod bilen «çaknyşýan» pursady has aýdyň ýüze çykýar. Gök çyra deňiz jandarlary üçin gorag bolup hyzmat edýär.
Hindi ummanynyň kenary bolan «Vaadhoo» adasyndan başga-da, Mudhdo we Rangali adalarynda hem bu täsin hadysany synlap bolýar. Ýalpyldawuk deňiz jandarlarynyň hereketi gijelerine has aýdyň we owadan görünýär. Syýahatçylar elini suwa degrip, soňra çägä sürtmek arkaly ýalpyldawuk ýyldyzlary elinde hem görüp bilerler.