Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ABŞ-nyň Kongresiniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda Hindistanyň ýakyn wagtda dünýäde üçünji uly ykdysadyýetli ýurda öwrüljekdigini aýtdy.
-Premýer-ministr hökmünde ABŞ-a ilkinji gezek gelenimde, Hindistanyň ykdysadyýeti ululygy boýunça dünýäde 10-unjy orunda durýardy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti ululygy boýunça bäşinji orunda durýar. Hindistan ýakyn wagtda dünýäde üçünji uly ykdysadyýetli ýurda öwrüler. Şu günki günde çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetimiz dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine itergi berer – diýip, Norendra Modi belledi.
Hindistanyň Premýer-ministriniň çykyşy amerikan kongresiniň agzalary tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy.
Narendra Modi çykyşyna başlamazdan ozal, ABŞ-nyň Kongresinde eýýäm ikinji gezek çykyş edýändigini belläp, munuň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Mundan öň Hindistanyň Premýer-ministri 2016-njy ýylda ABŞ-nyň kongresinde çykyş edipdi.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi 20-25-nji iýun aralygynda ABŞ-a we Müsüre döwlet saparlaryny amala aşyrdy. Narendra Modi Waşingtonda Prezident Jozef Baýden bilen duşuşup, iki ýurduň arasynda ýola goýlan ýokary derejeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.