1-nji iýulda Arkadag şäherinde ilkinji futbol duşuşygy guralar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan ajaýyp şäherde bina edilen 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionda «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Duşuşygyň 18:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soň, «Arkadag» toparynyň ýaryş tertibiniň başyny çekýär. «Ahal» dokuzynjy orunda barýar.
Arkadag şäherinde ýerleşýän 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion sportuň birnäçe görnüşi boýunça türgenleşikleri guramak üçin ajaýyp mümkinçilikleri özünde jemleýär. Stadionyň futbol meýdany bolsa möhüm duşuşyklary geçirmäge uly mümkinçilik bolar. Bu ýerde 4-nji iýulda hem gyzykly duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.